Goranmak ministri 18-nji Mart Şehitler güni mynasybetli geçirilen çärä gatnaşdy

Goranmak ministri 18-nji Mart Şehitler güni mynasybetli geçirilen çärä gatnaşdy

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Yragyň demirgazygynda ýere gaçan we düzüminde terrorçylar bardygy anyklanan fransuz Airbus kärhanasynyň önümi bolan dikuçar bilen baglanşykly: "PKK/ÝPG-niň tarapdarlary, terrorçylara dikuçar berip, ýene-de bir gezek tutuldylar" diýip nygtady.

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, düýn Goranmak ministrliginde geçirilen 18-nji Mart Şehitler güni mynasybetli geçirilen çärä gatnaşdy.

Hulusi Akar ol ýerde eden çykyşynda, terrory gözbaşynda ýok etmek strategiýasy bilen ýurduň öz içinde we daşary ýurtda PKK/PÝD-ÝPG, DAIŞ we FETÖ guramalary başda bolmak bilen ähli terror guramalaryna garşy göreşiň alynyp barylýandygyny habar berdi.

Yragyň demirgazygynda ýere gaçan we düzüminde terrorçylar bardygy anyklanan fransuz Airbus kärhanasynyň önüm bolan dikuçar bilen baglanşykly Milli Goranmak ministri Hulusi Akar: "PKK/ÝPG-niň tarapdarlary, terrorçylara dikuçar berip, ýene-de bir gezek tutuldylar. Bularyň netjesiz tagallalardygyna indi göz ýetirmekleri gerek. Terrora garşy göreşimiz iň soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä çenli dowam eder" diýip mälim etdi.

Hulusi Akar 2015-nji ýylyň 24-nji iýulyndan şu günki güne çenli Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda jemi 37 müň 647 terrorçy, şu ýylyň başyndan bäri bolsa 306 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini aýan etdi.

Yragyň Kürt Awtonomiýasy 15-nji martda Yragyň demirgazygynda Duhok sebitinde ýere gaçan dikuçaryň içindäkileriniň käbirleriniň ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylardygyny habar beripdi.

Beýleki tarapdan fransuz Airbus Helicopters kärhanasy tarapyndan öndürilen AS350 kysymly dikuçaryň kime degişlidigi bilen bagly soraga Fransiýanyň Daşary işler ministrligi jogap bermändi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Yrakda saparda boldy
Prezident Erdogan Oraza baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini berdi
Terrora garşy göreşde soňky bir hepdede 38 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
"Türkiyäniň we sebitiň geljeginde terroryň ýeriniň ýokdugyny hemmelere görkezmekde tutanýerlidiris"
Prezident Erdoganyň Yraga Guran Sapary
PKK-a agza terrorçylar guramanyň hataryndan gaçmaga dowam edýär