Gorky nädip döreýär?

Käbir adam hiç hili zyýanyň ýetmejekdigini bilýän hem bolsa gorkýar.Mysal üçin, öýde çyra öçeninde garaňkydan ýa-da kiçijik jandardan gorkmak.Sizde-de zyýansyzdygyna aňryýany bilen göz ýetirýän bolsaňyz hem gorky ýüze çykýarmy?

Eýsem bu gorky nähili peýda bolýarka?Gorky belli bir sebäpden ýüze çykýan käbir ýagdaýdan ýa-da islendik jisimden döräp bilýär.Zyýansyz zatlardan gorkýan adamlar gorkusynyň esassyzdygyna, köplenç, düşünýär, ýöne onuň öňüni alyp bilmeýär.

Gorkynyň bu görnüşi gündelik gatnaşyklara täsir edip bilýär. Çak edilişine görä, adamlaryň 5 göteriminde haýsydyr bir gorky bar.Gorky näme?Gorkyny döredýän sebäpler näme we ony nädip ýeňip geçmeli?

Sebäpleri: genetiki we daşky gurşaw täsirleriniň netijesinde ýüze çykyp bilýär. Geçmişdäki gynançly pursatlar, dürli başdan geçirmeler, aşa beýik ýere çykmak we haýwanlaryň topulmagy ýaly sebäpler gorkynyň çeşmesi bolup biler.

Açyk giňişlik gorkusy

Ylymda agorafobiýa diýlip atlandyrylýan bu gorka duçar bolan adamlar köpçüligiň içinde bolmakdan ýa-da öýüň daşyndan uzaga gitmäge gorkýarlar. Muňa başgaça köpçülik gorkusy hem diýilýär. Şeýle adamlara adatça, köpçülikden gaça durýarlar we öýlerinde bolanyny gowy görýärler.

Sosial gorky

Şeýle gorkusy bolan adamlar jemgyýetçilik ýeri bolan restoranda nahar sargyt edenlerinde howsala düşüp bilýärler. Şonuň üçin olar köplenç adamlardan daşrakda durmagy makul bilýärler. Adamlaryň köpüsi käbir ýagdaýlary ýa-da zatlary halamaýarlar. Gorkynyň gündelik durmuşa täsir edýän giňden ýaýran birnäçe görnüşi bar:

Glossofobiýa: köpçüligiň öňünde geplemek gorkusy. Bu sosial gorka gaty meňzeýär. Glossofobiýa gorkusy bolan adamlar köpçüligiň öňünde çykyş edýän pursatynda özüni oňaýsyz ýagdaýda duýýarlar.

Akrofobiýa: beýiklikden gorkmakdyr. Gorkynyň bu görnüşi bar bolan adamlar daglardan, köprülerden ýa-da beýik binalaryň ýokarky gatlaryna çykmakdan gorkýarlar.

Klaustrofobiýa: ýapyk ýa-da dar ýerlerden gorkýan adamlar awtoulagdan, hatda liftden hem gorkýarlar.

Awiofobiýa: adyndan hem belli bolşy ýaly, olar uçara münmekden gorkýarlar.

Koulrofobiýa: bu jemgyýetçilik ýerlerinde ýa-da telewizorda masgarabaz sözüni eşiden ýa-da gören adamlaryň gorkusyna berlen atdyr.

Ofidiofobiýa: ýylandan gorkýanlara diýilýär.

Niktofobiýa: bu gijeden we garaňkylykdan gorkýan adamlara degişli. Adatça, çagalyk döwründe endik hökmünde başlanyp, ýetginjeklik döwrüne çenli dowam etse, ondan soňra niktofobiýa gorkusy bar hasaplanylýar.

Aljyraňňylyk, ýürek urşunyň tizlenmegi, demiň gysmagy, çalt geplemek ýa-da diliň tutulmagy, ýüregiň bulanmagy, gan basyşyň ýokarlanmagy, döş agyrylary, baş aýlanmagy, derlemek ýaly alamatlar ýokarda görkezilen gorkulary bar bolan adamlarda ýüze çykýar.

Nädip ýeňmeli?

Ilki bilen gorkynyň nähili emele gelendigi barada pikirleniň! Gorkynyň döremegi üçin hökman ondan ejir çeken bolmaly däl. Eşiden bir wakaňyz hem sizde gorky döremegine sebäp bolup bilýär. Soňra muny kabul etmeli.

Ondan soňra gorkmagyň tolgunmak, söýmek, begenmek ýaly adaty zatdygyny kabul ediň! Sizden başga adamlarda hem şeýle gorkynyň bardygyny unutmaň!

Gorkyny ýeňeniňizden soňra size nähili peýdalarynyň boljakdygy barada pikir ediň! Aýdaly, uçara münmekden gorkýaňyz. Uçara müneniňizde uzak şähere, hatda ýurda gysga wagtda baryp biljekdigiňiz, ol ýerde gezelenç etjekdigiňiz barada pikirleniň! Gorkyny ýeňeniňizde durmuşdan hem lezzet alarsyňyz.

Üstünlik gazanmagyň syrlary barada gürrüň berilýän kitaplarda Arzuw edip bilýän bolsaň, başaryp bilersiň! diýen söz bar. Bu, köplenç, dogry çykýar. Sebäbi islendik meselede üstünlik gazanmak üçin ony aňymyzda janlandyrmaly. Şol sebäpli ilki gorkyny ýeňip biljekdigimize özümizi ynandyrmaly. Muny başarmak kyn bolup biler. Emma biraz sabyr edip, özümize möhlet bermeli.

The post Gorky nädip döreýär? appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Türkmen raýatlarynyň ençemesi Aşgabatdan Moskwa uçýan uçara goýberilmedi
Uçarda hödür edilýän tagamlar satuwa çykaryldy
Marynyň aeroportunda biletli ýolagçylaryň onlarçasy uçara goýberilmeýär
Almatynyň aeroporty Türkmenhowaýollaryndan’ nägile bolýar
Synagdan geçdi
Aşgabadyň aeroportunda uçara münjek ýolagçylar bilen ýygnak geçirildi