Has uzak aralyga uçar

“Dassault” kompaniýasy döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen kiçi göwrümli täze uçaryny tanyşdyrdy. “Falcon 10X” atly uçar 7 müň 500 deňiz mili aralygy düşlemezden geçip bilýär.Bu bolsa, howa gämisiniň Nýu Ýorkdan Şanhaýa ýa-da Los Anjelesden Sidneýe çenli uçup biljekdigini aňladýar.

Kompanýanyň ýolbaşçysy Erik Trappier täjirçilik maksatly awiasiýa täze ölçegleri girizýändiklerini, “Falcon 10X”-iň gysga we uzak aralyga uçmakda bäsdeşsiz boljakdygyny aýtdy. Ähli görkezijiler babatda öňdeligi eýelejek “Falcon 10X” 2025-nji ýylyň ahyrynda satuwa taýýar bolar.

Uçar içki dizaýny babatda hem bäsdeşlerinden tapawutlanar.Howa gämisiniň içinde deň ölçegde dört sany kabina bolar.Ony nahar iýilýän otaga, maslahat zalyna ýa-da giň ekranly güýmenje merkezine hem öwrüp bolar.

Kabinanyň beýikligi 2,03 metre, ini 2,77 metre deň bolar.Uçar işlän wagty sessizligi bilen hem tapawutlanar. “Falcon 10X”-yň penjireleri häzirki “Falcon 8X” modelinden 50 göterim giň bolar.

Agramy azaldylar

Ýörite materiallardan öndüriljek uçar ozalky modellerden has ýeňil bolar. Uçar dizaýn edilende tizligi we netijeliligi ýokarlandyrmak üçin in-boý ölçegi hem göz öňünde tutulypdyr. Uçara häzirki wagtda işlenip taýýarlanýan “Rolls Royce Pearl 10X” aty hereketlendiriji oturdylar. “Rolls Royce” uçar motorlaryny öndürmekde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy hasaplanýar.

The post Has uzak aralyga uçar appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Aýda ulag ýaryşy geçiriler
“Marvel” 2021-nji ýylda ekranlara çykarjak filmdir seriallaryny mälim etdi
Emeli hemrasynyň sany 960 boldy
Bir gezekde 143 emeli hemrany kosmosa çykardy
SpaceX şereketi birbada 143 hemrany kosmosa uçurdy
SpaceX bir wagtyň özünde uçurylan hemralaryň sany boýunça rekord goýdy