SpaceX şereketi birbada 143 hemrany kosmosa uçurdy

SpaceX şereketi birbada 143 hemrany kosmosa uçurdy

ABŞ-nyň raketa, emeli hemra we kosmos gämilerini öndüriji hususy kärhanasy bolan SpaceX şereketi Transporter-1 missiýasynyň çäginde bir wagtyň özünde 143 sany hemrany kosmosa uçurdy. Uçurylan hemralaryň arasynda ASELSAN-a degişli bir kub hemra hem bar. SpaceX şereketi bu ädim bilen ozal orbita 104 hemra iberip, rekord goýan Hindistandan öňe geçdi we bu babatdaky rekordy täzeledi.

Elon Maskyň meşhur kompaniýasy SpaceX kosmosda täze rekord goýdy. Bu kompaniýa Transporter-1 missiýasynyň çäginde 143 sany dürli görnüşli hemrany kosmosa çykarjak Falcon 9 raketasyny uçurdy. SpaceX şereketi, şeýlelik bilen bir wagtyň özünde kosmosa iň köp emeli hemra iberen missiýa rekordyny gazandy.

Transporter-1 missiýasynyň çäginde kosmosa iberilen 143 sany hemranyň arasynda dürli ýurtlara, kompaniýalara we ylmy-barlag edaralaryna degişli hemralar bar. Bu hemralardan biri-de, ASELSAN-a degişlidir. Özbaşdak maliýeleşdirilýän R&D taslamasynyň çäginde işlenip düzülen ASELSAT 3U atly hemra, Ýeriň pes orbitasynda işlär.

Hemra flotuny orbitada çalt giňeltmegi dowam etdirýän SpaceX şereketi, häzirki işinde täze Starlink hemralaryny hem uçurdy. Uçurylan 143 hemranyň arasynda 10 dürli Starlink hemrasy bar. Kompaniýa raketadaky bu Starlink hemralarynyň polýar orbitada ýerleşdirilen ilkinji hemra boljakdygyny hem mälim etdi. Häzirki wagtda kosmosda Starlink hemralarynyň sany 961-e ýetdi.

Transporter-1 missiýasy, SpaceX şereketiniň täze raketa paýlaşmak maksatnamasynyň ilkinji önümi hökmünde tapawutlanýar. SpaceX şereketi SmallSat Rideshare Programma taslamasynyň çäginde belli bir ululykdaky kiçi hemralary hem elýeterli bahalarda orbita çykarmaklygy teklip edýär. Bu kompaniýa tarapyndan neşir edilen baha tekliplerine görä, 200 kilogramlyk ýük kosmosa bary-ýogy 1 million dollara iberilip bilner.

SpaceX şereketi bir wagtyň özünde 143 hemrany kosmosa uçurmaklyk bilen, ozal orbita 104 hemra iberip, rekord goýan Hindistandan öňe geçdi we bu babatdaky rekordy täzeledi.

SpaceX şereketi Starlink hemralary bilen Ýeriň orbitasynda 12 müň hemra ulgamyny döretmegi meýilleşdirýär. Bu taslamany bolsa 2027-nji ýylda tamamlanmaklyk maksat edinilýär.

Ýene degişli makalalar

Ýewropa kosmosa dolandy
Eýran harbylary oppozision kanalyň hemra ýaýlymy boýunça Türkmenistana “açyk duýduryş berdi"
Altun: "Ýoluň açyk bolsun Alper Gezerawjy. Buýsan Türkiye, dowamy bolar" diýdi
Türkiýäniň Ilkinji Astronawtynyň Emeli Hemra Ýolagçylygy Başlady
Prezident Erdogan "Ilkinji astronawtly älem missiýasy" bilen bagly beýanat berdi
Türkmenistanda doglan kosmonawt türk kosmonawtyny garşy aldy
Bernar Arno dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny çekdi