“Marvel” 2021-nji ýylda ekranlara çykarjak filmdir seriallaryny mälim etdi

“Marvel” kompaniýasy golaýda 2021-nji ýylda halk köpçüligine ýetirjek filmdir seriallarynyň sanawyny mälim etdi. Şoňa görä, geljek ýylda kino muşdaklary “Marvel” kompaniýasynyň 10 ekran eserine tomaşa ederler. Şolaryň 6-sy serial bolup, olaryň ählisi-de “Disney+” platformasynda görkeziler.

Olaryň ilkinjisi “WandaVision” serialy 15-nji ýanwardan başlap, “Disney+” platformasynda ýaýlyma berler. 6 bölümden ybarat “The Falcon and The Winter Soldier” serialy-da 19-njy martda görkezilip başlar.Edil şonuň ýaly “Loki” atly gysga göwrümli serial hem maý aýynda tomaşaçylaryň dykgatyna ýetiriler.

Tomusda-da “What If” atly köp serialy animasiýa hem “Disney+” platformasynda görkeziler. Ýylyň ahyrlaryna “Hawkeye” hem-de “Ms.Marvel” seriallarynyň “Disney+” platformasynda görkezilmegine garaşylýar.

Filmlere seredenizde, ilki bilen janköýerler “Gara Dul” (Black Widow) filmine tomaşa ederler.Film 2020-nji ýylda görkezilmelidi, ýöne pandemiýa sebäpli 1 ýyla soňa süýşürilipdi.Köpleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan bu kinosynda Skarlett Ýohansson, Florens Pýu, Dewid Harbor, Raçel Weiz ýaly belli artistler çykyş edýär.

Film 7-nji maýda kinoteatrlarda görkezilip başlanar. “Şen-Çi we 10 ýüzügiň rowaýaty” (Shang-Chi and the Legends of Ten Rings) atly filmi hem 9-njy iýulda görkezmek göz öňünde tutulýar. Şol sanda “Ölümsizler” (Eternals) filmi bilen “Möý adam 3” (Spider-Man 3) kinosynyň degişlilikde, 5-nji noýabrda hem-de 17-nji dekabrda kinoteatrlara ýaýradyljakdygy habar berildi.

“WandaVision” 15-nji ýanwarda

“The Falcon and The Winter Soldier” 19-njy martda

“Black Widow” 7-nji maýda

“Loki” maý aýynda

“Shang-Chi and the Legends of Ten Rings 9-njy iýulda

“What If” tomusda

“Eternals” 5-nji noýabrda

“Spider-Man 3” 17-nji dekabrda

“Hawkeye” 2021-nji ýylyň ahyrlarynda

“Ms. Marvel” 2021-nji ýylyň ahyrlarynda

The post “Marvel” 2021-nji ýylda ekranlara çykarjak filmdir seriallaryny mälim etdi appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Marvel täze filmlerini anons etdi
Ýylyň garaşylýan filmleri
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Hepdäniň täze animasiýalary
Ýylyň iň köp girdeji gazanan 10 filmi
“Call of Duty” bassyr 12-nji gezek ABŞ-da ýylyň iň köp satylan oýun franşizasy boldy