Goşa mukaddesligiň baýramy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň Baş kanuny bolan Konstitusiýamyz we Döwlet Baýdagymyz, Watanymyzyň Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk ýörelgelerini we agzybir türkmen halkymyzyň parahatçylyk, döredijilik, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik gatnaşyklaryna bolan üýtgewsiz ygrarlylygyny özünde jemleýär.

Bu gün hem Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň gününe bagyşlanan “Goşa mukaddesligiň baýramy” atly sergi gurnaldy.Sergide nakgaşçylyk we grafika sungatyna degişli ussat halypalarymyzyň ýerine ýetiren eserlerini görmek bolar.

Goşa mukaddesligimiz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň şanyna uludan toýlaryň tutulmagy watansöýüjiligimiz bilen berk baglydyr.Halkymyzy baky bagtyýarlyga ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýdýarys.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!Döwlet Baýdagymyzyň we Esasy Kanunymyzyň şanyna tutuljak toýlar gutly bolsun!

Ýene degişli makalalar

Esasy Kanunymyzyň we ýaşyl baýdagymyzyň hormatyna baýramçylyk konserti
Halkara Donorlar Maslahatynda Berlen Wadalar, Türkiýäniň Dikeldiş Etabyna Uly Goşant Goşar
Mukamlar köşgünde belli türkmen artistleriniň konserti boldy
Aşa yssydan soň gelen sowuk ekinleri urup zaýalady
“Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi
2023-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewi saýlandy