Gowulykdan başga ähli zat serialynyň aktýorlaryna heýkel dikildi

Gowulykdan başga ähli zat serialynyň aktýorlaryna heýkel dikildi

Gowulykdan başga ähli zat (Breaking Bad, 2008-2013) atly meşhur serialyň aktýorlary Braýan Krenstona we Aaron Pola dikilen heýkel geçen annada ABŞ-nyň Nýu-Meksiko ştatynyň Albukerke şäherinde dabaraly açyldy. Albukerkede serialda gürrüň berilýän esasy wakalar bolup geçýär. Bu hakynda Associated Press habarlar gullugyna esaslanyp, TASS ýazýar.

Açylyş dabarasyna syýasatçylar, serialda surata düşen aktýorlar, režissýor we ssenariçi Wins Gilligan gatnaşdy. Ýadygärlikde aktýorlar Krenston hem-de Pol serialyň gahrymanlary Uolter Uaýtyň we Jessi Pinkmanyň keşbinde şekillendirilipdir.

Albikerkäniň häkimi Tim Killer serialyň meşhurlygynyň şähere täze maýa goýumlary çekendigini çykyşynda nygtady.

Ýene degişli makalalar

Ýylyň garaşylýan filmleri 2
Ýylyň garaşylýan filmleri
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
ABŞ-nyň ilkinji Dünýä ýarmarkasy
“Arsenal” hem-de PSŽ rekordyň täze eýeleri
Çapyksuwar zenan barada täze film