Goý, ýurdumyzda çaga gülküsi belentden ýaňlansyn

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalar baradaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan çagalaryň durmuşda ylymly-bilimli, sagdyn, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji nesiller bolup ýetişmegi, olaryň durmuşda maksadaokgunly, ruhubelent, döredijilikli döwrebap pikirlenip bilmegi we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Çagany altyn aşyga meňzedýän ata-babalarymyz “Çagaly öý bazar” diýip ýöne ýere aýtmaýarlar.

Olar adamzadyň durmuşynda iň bir zerur zadynyň biri bolup, nesil dowamatydyr. Çaga-durmuşyň güli, mukaddes ojaklaryň bezegi.Her ýyl 1-nji iýun Çagalary goramagyň halkara gününi uly dabara bilen bellenilip geçilýär.

Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli “Türkmenistan-bagtyýar çagalaryň mekany” atly wagtlaýyn sergi we baýramçylyk dabarasy geçirildi.Baýramçylyk dabaranyň çäginde muzeýimize gezelenç gurnaldy. Ýaş neslimiz ýurdumyzyň taryhy, baý medeni mirasy, gözel tebigaty bilen tanyşdylar.

Geljegimize ynam döredýän, döwrümize ganat bagladýan eziz çagalaryň gözleri şatlykdan, ýüzleri gülkiden doly.Goý, mundan beýläk hem her bir türkmeniň mukaddes ojagynda bagtyýar çagalaryň gülki sesleri mydama ýaňlanyp dursun.

Bizi şeýle ajaýyplyklara ýetiren, ýurdumyzy bagtyýar çagalaryň mekanyna öwüren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun.Il bähbitli, ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleri uly rowaçlyklara beslensin.

Ýene degişli makalalar

Jemgyýetiň ösüşinde ýaşuly nesliň durmuş tejribesini goldanyp
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalaryna hem-de halkyna
Bagtyýar çagalygyň ýurdunda ýaş nesilleriň baýramy
Watanyň geljegi- bagtyýar ýaşlar
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisindäki ÇYKYŞY
Türkmenistan — bagtyýar çagalaryň mekany