Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri ýaňy-ýakynda, paýtagtymyzyň iň gözel künjekleriniň biri bolan “Garajaoglan” seýilgähinde öz körpeje okyjylary bilen 1-nji iýun, çagalary goramagyň halkara günine bagyşlap “Watanyň geljegi- bagtyýar ýaşlar” ady bilen “Türkmenistan teleýaýlymynyň gatnaşmagynda baýramçylyk dabarasyny geçirdi.
Baýramçylyk dabara dürli ýaşdaky çagajyklar gatnaşdylar.Bagtyýar çagajyklar ajaýyp çagalygy, erkana watanymyzy wasp edýän goşgulary uly höwes bilen aýdyp berdiler. Şeýle-hem kitaphanamyzyň hünärmenleri çagalara her ýylyň Iýun aýynyň 1-ne bagtly çagalygyň we arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara gününiň dabaraly ýagdaýda bellenilmegi çagalaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň hem-de goramagyň, ösüp gelýän ýaş nesliň ähli babatda mynasyp durmuşy üçin örän amatly şertleri döretmegiň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygy barada täsirli gürrüňleri berdiler. Şeýle-de kitaphanamyzyň gurnan göçme sergisi hem çagalarda uly gyzyklanma we täsir galdyrdy.
Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda ýaş nesilleriň erkana ulalmagy, ylymly-bilimli, sagdyn, berk bedenli bolmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
