31-nji ýanwarda Kaliforniýanyň Los-Anjeles şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilen Grammy amerikan aýdym-saz baýragynyň gowşurylyş dabarasy koronawirusyň ýaýramagy sebäpli näbelli möhlete yza süýşürildi. Bu barada Milli sungat we ses ýazgysy ylymlarynyň akademiýasynyň saýtynda ýerleşdirilen metbugat relizinde aýdylýar diýip, TASS habar berýär.
Guramaçylaryň belleýşi ýaly, çäräni geçirmegiň täze senesi soňrak belli ediler. Grammy baýragy üçin sazandalar 85 nominasiýada, şol sanda iki sany täze dünýä aýdym-sazynda “Iň gowy global aýdym-saz çykyşy” we latyn amerikaly ýerine ýetirijiler üçin “Iň gowy şäher albomy” kategoriýalarynda bäsleşerler.
