Gresiýanyň asmany mämişi reňke boýaldy

Gresiýanyň asmany mämişi reňke boýaldy

Gresiýanyň asmany narynç reňkli boldy. Bu tebigy hadysanyň sebäbi Sahara çölünden günorta şemalynyň getiren tozany diýip, MIR 24 ýazýar.

Hünärmenleriň sözlerine görä, bu soňky alty ýylda iň güýçli tozan öwüsginidir. Dem alyş ýollarynyň sökelliklerinden ejir çekýän adamlara köçä çykmazlyk maslahat berildi.

Saharadan her ýyl şemal 60-200 million tonna aralygynda mineral tozan getirýär. Eger uly tozan bölejikleri tiz ýere çökýän bolsa, owunjak bölejikler müňlerçe kilometri geçip, bütin Ýewropanyň çägini basyp bilýär.

Ýene degişli makalalar

"Olar işe gaýdyp, dereksiz ýitýärler". MA migrantlary Türkiýedäki ýagdaýyň ýaramazlaşýandygyny aýdýarlar
Türkiýe parlamentiniň agzasy türkmen aktiwistlerini deportasiýa etmezlige çagyrdy
Uly Gyzgaladaky gyzykly gezelençler
Zenan mährinden dörän nepislikler
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Serdar Azmun Türkmenistana garşy oýna gatnaşmak üçin Eýranyň ýygyndysyna çagyryldy