RF-niň daşary işler ministriniň orunbasary Grigoriý Karasin 27-nji dekabrda Коммерсант gazeti bilen söhbetdeşlikde Kaspi deňziniň hukuk durumy baradaky Konwensiýanyň proýekti Kaspi “bäşliginiň” ministrleri tarapyndan umuman ylalşyldy diýdi.
Emma, 2018-nji ýylda konwensiýa gol çekiler diýip ynamly aýdyp bolarmy diýen soraga diplomat “kesgin “hawa” diýip aýdyp bolmaz” diýip jogap berdi.
Kaspini bölüşmek prinsipi boýunça ylalaşyldy, emma men häzir jikme-jiklere girmekçi däl diýip, diplomat aýtdy.Gazagystanda geçiriljek bäşinji Kaspi sammiti ýetip gelýär. Çakymça, prezidentleriň bu duşuşykda seretmeli meseleleri az bolmaz. Ýöne, ýokary derejedäki duşuşyklaryň golaýlaşmagy bilen haýsydyr bir nýuanslaryň peýda bolmagy we olar üçin goşmaça ylalaşyklaryň gerek bolmagy hem mümkin. Şu sebäpden daşary işler ministrleriniň ýa işçi toparyň bu nýuanslary anyklamak üçin taýýarlyk duşuşygynyň geçirilmegini aradan aýyrmazdym.
Karasiniň sözlerine görä, “umuman alnanda hazarýaka döwletleriniň özara gatnaşyklary häzir oňyn ugurda ösýär.Eger-de 90-njy ýyllar dezintegrasiýa nyşany we deňzi birtaraply “bölmek” synanyşygy astynda geçen bolsa, häzir biz düýpden başga etapda ýerleşýäris.
Kaspiniň diňe nebit we gaz däldigine düşünildi.Durmuş bizi bu özboluşly suw howdanynda bolup geçýän zatlaryň ählisi babatda kollektiw jogapkärçiligi öz üstümize almaga mejbur edýär.”
Konwensiýanyň jedelli pursatlary çözüldimi diýen soraga jogap berip, Karasin “olaryň çözgüt ýollary ylalaşyldy” diýdi.
“Konwensiýa ähli döreýän meseleleri çözmez. Ol degişli hazar döwletleriniň arasynda ylalaşyk gazanmak üçin zerur bolan çäkleri döreder” diýip, diplomat belledi.
Ýatladýarys, hazarkaýa döwletleriniň sammitlerinde Kaspi deňziniň statusy baradaky mesele esasy tema bolup galýar.Bäş döwletiň liderleri ilkinji gezek 2002-nji ýylda Aşgabatda duşuşdylar.Ikinji Kaspi sammiti 2007-nji ýylda Tähranda geçirildi, üçünji 2010-njy ýylda Bakuwda, dördünji 2014-nji ýylda Astrahanda geçirildi.
Indiki sammitiň 2018-nji ýylyň başlarynda Gazagystanda geçirilmegine garaşylýar.