Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi, Türkmenistanda baýramçylyk söwdasy ýola goýuldy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1.Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine we olaryň işiniň ýakyn geljek üçin göz öňünde tutulýan esasy ugurlaryna garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz Türkmenistanda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, olaryň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

2.Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi.Oňa Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekilçilikli topar gatnaşdy.

Mejlisiň barşynda sebit we köptaraplaýyn meselelere, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň altynjy mejlisiniň Teswirnamasy esasynda kabul edilen iş meýilnamasynda göz öňünde tutulan çärelere garaldy.

3. Aşgabatda, Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan baýramçylyk söwdasy ýola goýuldy. Göçme söwda nokatlary ýurduň ähli künjeklerinde açyldy. Olar merkezi bazarlarda weýaşaýyş ýerlerine ýakyn aralykda ýerleşdirildi.

4.Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Halkara gatnaşyklar boýunça Komitetiniň Başlygy Grigoriý Karasiniň arasynda geçirilen duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyny geçirmäge taýýarlyk görmek ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy.

Krasin Russiýanyň mejlisiniň ýokary palatasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň ikinji Parlamentara forumyny taýýarlamak we geçirmek üçin bilelikdäki işe bil baglaýandygyny aýtdy.

5. 11-nji dekabrdan başlap, AşgabatdakyBagtyýarlyk sport toplumynda ýerleşýän Ýoga we adaty lukmançylyk merkezinde ýoga sapaklary täze tertip boýunça geçiriler. Täzelenen tertip bilenTurkmenportal saýtynda ýa-da (+99312) 45 61 52 we 45 61 53 telefon belgileri arkaly tanşyp bilersiňiz.

Dünýäde

6.Täjik dokmaçylarynyň sungaty ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.Atlas we adras matalaryny dokamat däbi nesilden-nesle geçip gelýär we häzirki wagtda hemTäjigistanyň medeniýetiniň möhüm bölegi bolmagynda galýar.

Bu matalar bütin dünýäde meşhurlyga eýedir, olaryň önümçiligi bolsa aýratyn ünsi we ussatlygy talap edýär.Her ýyl ýurtda dokmaçylyk sungatyna bagyşlanan festiwallar geçirilýär, olaryň çäklerinde iň öňde täjikhünärmenleriň eserleri görkezilýär.

7.Tokioda taksi sürüjisi Atsuşi Odzawa kepderini bilkastlaýyn öldürendigi üçin tussag edildi.Olawtoulagyny sagatda 60 km tizlik bilen guşlaryň sürüsiniň üstüne sürdi.Guşlaryň biri alan şikessebäpli öldi.

Polisiýanyň berýän maglumatyna görä, günäkär jenaýatyny boýun aldy we ulagyny guşlaryň üstüne sürendigini, sebäbi ýollaryň olar üçin däl-de, adamlar üçin döredilendigini aýtdy.Bu adamyň hereketi ýabany tebigaty goramak hakyndaky kanuny bozmak hökmünde kesgitlenildi. Ýaponiýada ýabany kepderileri awlamaga rugsat berilýär. Şäher guşlarydiňe olar ekinlere we mallara zeper ýetiren halatynda, ýerli häkimiýetleriň rugsady bilen öldürilip bilner.

Sport habarlary

8.Karluş Keýruş Kataryň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden aýryldy.Portugaliýaly hünärmen 2023-nji ýylyň fewral aýyndan bäri topara ýolbaşçylyk edýärdi.Noýabr aýynda Kataryň milli ýygyndysy Dünýä çempionatynyň saýlama oýunlarynyň ikinji tapgyrynda Owganystany we Hindistany ýeňip, iki ýeňiş gazandy.

Katar 2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Aziýa kubogyny kabul eder.Futbolçylary ýaryşa täze baş tälimçi Kataryň Al-Wakratoparyna ýolbaşçylyk edýän Mark Lopes taýýarlar.

9. Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 24-nji tapgyrynyň meýilnamasy penşenbe güni iki oýun bilen badalga alar. Şol gün Energetik Şagadamwe Altyn asyr Nebitçi duşuşyklary geçiriler.

Günüň jemleýji oýnunda Arkadag myhmançylykda Aşgabat bilen oýnar.Bu duşuşykÝokary liganyň 27-nji tapgyrynyň yza süýşürilen oýnunyň çäklerinde geçiriler. Şeýle hem anna güni bir duşuşyk geçiriler. 12-nji tapgyryň yza süýşürilenoýnunyň çäklerinde Ahal Aşgabatda Merwikabul eder.

Ýene degişli makalalar

Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
Göçmekden ýüz öwren hytaýlynyň öýüniň daşyndan ýol gurdular
Ýer Titremelerinden Soň Daşary Ýurtlar Bize Uly Kömek Berdi
Ýer Titremeleriniň Başdan Geçirlen Sebitlerinde 28 Ýurt 30 Göçme Hassahana Gurdy
16 Ýurt 34 Göçme Hassahana Gurdy
Nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy giňeldilýär