Grodno döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Türkmenistandan 67 talyp bilim alýar

Grodno döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Türkmenistandan 67 talyp bilim alýar

Grodno döwlet lukmançylyk uniwersiteti Belarusyň iň iri lukmançylyk ýokary okuw mekdepleriniň biridir. Bu ýerde dünýäniň 31 ýurdundan gelen talyplar bilim alýarlar diýip, BELTA habar berýär.

Grodno döwlet lukmançylyk uniwersitetinde okaýan raýatlarynyň sany boýunça Türkmenistan bäşinji orunda durýar. Häzirki wagtda bu ýerde 67 türkmenistanly talyp bilim alýar.

Umuman, daşary ýurtly talyplar fakultetinde jemi 1209 talyp — Şri-Lankadan 788, Hindistandan 105, Nigeriýadan 103, Maldiwlerden 78, Türkmenistandan bolsa 67 talyp okaýar.

Daşary ýurtly talyplar uniwersitetiň 44 kafedrasynda 62 hünär boýunça bilim alýarlar.

Rus dilli okuwçylary okatmak uniwersitetiň ähli mugallymlary tarapyndan amala aşyrylýar. Iňlis dilinde okuwy gutaran we sertifikat alan mugallymlar iňlis dilinde gürleýän talyplar bilen işleýärler.

Ýene degişli makalalar

Iň az nika bozulýan ýurtlar belli boldy
Maldiw adalaryna gezelenç
Türkmen telekeçileri Bakudaky oba hojalyk sergisine ilkinji gezek gatnaşarlar
Wengriýadan diplomat BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň başlygy saýlandy
Aziýanyň kubogy ― 2023-iň üçünji saýlama tapgyryna badalga berilýär
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň ýolbaşçysy belli boldy