Gruziýa bilen hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşdy

22-nji maýda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa iş sapary bilen Aşgabada gelen Gruziýanyň Parlamentiniň Türkmenistanyň Mejlisi bilen Dostluk toparynyň başlygy Dawid Matikaşwili bilen gepleşikleri geçirdi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

Iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda duşuşyklary guramak tejribesini dowam etdirmegiň ähmiýeti beýan edildi.

Taraplar parlamentara hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklarynda möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny mälim etdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Gruziýanyň parlamentlerinde Parlamentara dostluk toparlarynyň hereket edýändigi bellenildi.

Türkmen diplomaty Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara topary we iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler ýaly bar bolan gurallaryň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň möhümdigini nygtady. Şu nukdaýnazardan, geçen ýyl gol çekilen 2023-2024-nji ýyllar üçin iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky Maksatnama netijeli özara gatnaşyklar üçin esas bolup durýar.

Şeýle hem Türkmenistanyň we Gruziýanyň abraýly halkara guramalarynyň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýändigi nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

2023-NJI ÝYLYŇ MAÝY: TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ DAŞARY SYÝASY BAŞLANGYÇLARYNDAN UGUR ALYP
Dördünji günden soň türkmenistanly samboçylaryň yklym çempionatyndaky medallary 16-a ýetdi
Ýurdumyzyň samboçylary Aziýa we Okeaniýa çempionatynda 26 medal gazandylar
Ispaniýa dünýäniň iň köp okaýan ýurtlarynyň sanawyna girip biler
Gurbanguly Berdimuhamedow Haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň birinji mejlisini geçirdi, Arkadag şäherinde durmuş toýy tutuldy, türkmen zyýaratçylary Saud Arabystanyndan Watanlaryna dolandylar we beýleki habarlar
Dawid Melkumow 48 tonnalyk wagony süýşürmegi başardy