Dawid Melkumow 48 tonnalyk wagony süýşürmegi başardy

Dawid Melkumow 48 tonnalyk wagony süýşürmegi başardy

Aşgabatda türgen Dawid Melkumow täze rekord goýdy. Ol elleri bilen agramy 47,84 tonnaSifan lokomotiw-wagon gurluşyk kompaniýasynyň wagonyny 24 sekuntda 8 metr ýerinden süýşürmegi başardy. Ýeri gelende belläp geçsek, türgeniň öz agramy 100 kg-dan hem azdyr.

Türgeniň gazanan üstünligi, 9-njy iýulda Demirýollary AGPJ-niň Aşgabatdaky şahamçalarynyň biriniň çäginde hasaba alyndy. Türgen aýaklaryny ýörite direge diräp, ýüpi çekmek arkaly arm-over-arm usulyny ulandy.

Türkmenportal-yň habarçysy bilen söhbetdeşlikde Dawid Melkumow bu synanyşygyň daşyndan görnüşi ýaly aňsat däldigini aýtdy.

Ýüp elleriň gaty gyýýar. Synanyşygyň aňsat däldigine garamazdan, netije berendigine begenýärin. Oglanlar birbada iki wagon çekmegi haýyş etdiler, ýöne men töwekgelçilik etmedim. Indiki gezek şol bir ýerden iki wagony çekmek üçin türgenleşerin diýip, Dawid belledi.

— Size Türkmenistanda iň berdaşly adam diýlip ýüzlenmeklerine nähili garaýarsyňyz?

— Elbetde, men şat. Emma adamlar daşyndan has gowy bilýärler.

— Türkmenistanda güýç ekstrim sporty soňky ýylda has meşhur boldy diýip bolarmy?

- Hawa, bu ugur gaty ösýär. Bu ugra Isleg bildirýänler köp, kimdir biri elini synap görmek isleýär. Ugruň özüne ýetik janköýerlere bar. Täze rekordlarymy goýmagymy haýyş edýänler bar. Bu sport bilen gyzyklanýan we şeýle çäreleri gurnamaga kömek edýänlere sag bolsun aýdasym gelýär.

— Bu sportda haýsy maksatlara ýetmek isleýärsiňiz?

— Halkara güýç ekstrim sport ýaryşlarynda Türkmenistanyň baýdagyny belende galdyrmagy we Watanymy halkara arenasynda şöhratlandyrmagy arzuw edýärin. ýene bir arzyly arzuwym — uçary çekmek. Ýakyn wagtda bu hakykata öwrüler diýip umyt edýärin.

Melkumow özüne we başgalara adam çydamlylygynyň we tutanýerliliginiň çäginiň ýokdugyny subut etmegi dowam edýär.

Mundan ozal hem türgen 120 tonna lokomotiwi 2,7 metr, 20 tonna awtobusy sekiz metr we 38 tonna göteriji krany sekiz metr aralyga çekmek bilen birnäçe rekordlary goýupdy.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow Haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň birinji mejlisini geçirdi, Arkadag şäherinde durmuş toýy tutuldy, türkmen zyýaratçylary Saud Arabystanyndan Watanlaryna dolandylar we beýleki habarlar
RŽD Türkmenistanda wekilhana açmagy meýilleşdirýär, Belawiýa tomusky uçuş tertibi boýunça Türkmenbaşa uçup başlady, Türkmenistanda kuwwatlygy sekuntda 68 kub metr bolan suw sazlaýjy-böwetleýji desga guruldy we beýleki habarlar
Türkmenistan bilen Özbegistan “Farap/Hojadawlet-Türkmenbaşy porty” ugruny ösdürmäge gyzyklanma bildirýär
FESCO (RF) we Özbegistan Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk ederler
Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr ýükleriň möçberi 3,5 esse artdy
Russiýa Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üstünden Owganystana we Eýrana däne eksport etmäge gyzyklanma bildirýär