
Gruziýanyň günbataryndaky Dzirula derýasynda balyklar köpçülikleýin gyrylýar. Suwuň saý ýerlerinde we kenarda ýerli ýaşaýjylar ýüzlerçe öli balyklaryň üstünden bardylar diýip, MIR24 habar berdi.
Ýerli ilat bu köpçülikleýin gyrylmanyň sebäbini gurluşyk zir-zibili bilen baglaýar, olar suwa düşüp, balyklaryň gyrylmagyna sebäp bolýan bolmaly. Derýanyň ýanynda ýokary tizlikli gara ýol çekilýär, käbirleri bolsa, günäni brakonýerleriň üstüne atýar.
Hadysanyň ýüze çykan ýerinde Daşky gurşawa gözegçilik boýunça departamentiň hünärmenleri iş alyp barýarlar.