Gruziýanyň Parlamentiniň başlygy Türkmenistana sapar bilen geler

Gruziýanyň Parlamentiniň başlygy Türkmenistana sapar bilen geler

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow Gruziýanyň Parlamentiniň başlygy Ş.Papuaşwili bilen duşuşdy. Gruziýanyň Parlamentiniň binasynda geçirilen duşuşygyň barşynda ýurduň kanun çykaryjy edarasynyň başlygy Ş.Papuaşwiliniň Türkmenistana saparynyň meýilleşdirilýändigi mälim edildi. Bu barada Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda özara gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Munuň özi toplumlaýyn türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýar. Şeýle hem taraplar geljegi uly bolan söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, energetika, hem-de medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasynda özara düşünişmek we dostlukly gatnaşyklary saklamak boýunça konstruktiw gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm gural bolup hyzmat edýän iki ýurduň arasyndaky parlamentara dostluk toparlarynyň hyzmatdaşlygyny güýçlendirmeklige aýratyn ähmiýet berildi.

Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar Gruziýanyň Parlamentiniň başlygynyň Türkmenistana saparyny guramak, şeýle-de syýasy-diplomatik ugurda parlament diplomatiýasynyň orny barada pikir alyşdylar.

Ýene degişli makalalar

Adam hukuklaryny goramak ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy
Tegelek stol: Türkmenistan we Gruziýa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri
Daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilen çäreler
Gruziýada Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi
Türkmenistanyň Gruziýadaky we Owganystandaky ilçihanalary Bütindünýä welosiped gününi bellediler
Türkmenistan we Gruziýa söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmegi maksat edinýärler