Güler we Fidan Malaýziýada Saparda Bolýar

Güler we Fidan Malaýziýada Saparda Bolýar

Milli goranmak ministri Ýaşar Güler we Milli howpsuzlyk guramasynyň Başlygy Ibrahim Kalyn Malaýziýa guran saparynda Premýer-ministri Anwar Ibrahim tarapyndan kabul edildi.

Ministrlikden berilen beýannama görä ministr Güler MHG-nyn Başlygy Kalyn bilen bilelikde Malaýziýa sapar gurady.

Ministrler kabinetiniň resmi jaýynda Malaýziýanyň Goranmak ministri Mohamed Haled Nordin tarapyndan garşylanan Güler we Kalyn Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim tarapyndan kabul edildi.

Türkiýäniň Kuala Lumpurdaky Ilçihanasyna hem baran Güler bilen Kalyn, Ilçi Salim Ýükselden özara we sebitara gatnaşyklar hakynda maglumat aldy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk ministrlerinden we MHG-nyň başlygyndan ybarat wekiliýet Siriýanyň lideri bilen duşuşyk geçirer
Ýaşar Güler Malaýziýaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Prezident Erdogan Malaýziýada Saparda Bolýar
Prezident Erdogan Malaýziýanyň Premýer-ministrine Togg Sowgat Etdi
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI “RUSSIÝA YSLAM DÜNÝÄSI: KAZANFORUM 2025” XVI HALKARA YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDY