Gülli Aýyň ganhorlarynyň ssenarisini kimiň ýazandygy belli däl

Gülli Aýyň ganhorlarynyň ssenarisini kimiň ýazandygy belli däl

Häzirki zamanyň nusgawy režissýory Martin Skorsezäniň Gülli Aýyň ganhorlary filminiň ssenarisiniň golaýda yglan edilen Oskar kinobaýragyna dalaşgärleriň sanawyna düşmändigi köpleri geň galdyrdy. Göräýmäge, oňat ssenariý, awtory hem tanymal ssenariçi Erik Rot. Emma onuň adaptirlenen ssenarisiniň Rot däl-de, ussat režissýor Pol Tomas Anderson tarapyndan ýazylandygy barada myş-myşlar barha gyzyşýar.

Hut şu myş-myşyň hem filmiň ssenarisini Oskar baýragyna dalaşgärlikden mahrum eden bolmagy mümkin diýip, Filmpro.ru ýazýar.

Bu barada ilki bolup, The Guardian neşiriniň habarçysy Çarlz Bramesko ýazdy. Ol filmiň Erik Rot tarapyndan ýazylan ilkibaşky ssenarisi Skorseze bilen Leonardo Di Kaprionyň göwnünden turmandan soňra, onuň üstünde režissýor Pol Tomas Andersonyň işländigini ýazýar.

Barybir Gülli Aýyň ganhorlary filmi Oskar baýragyna esasy ugurlaryň 9-sy boýunça dalaşgärlige hödürlendi diýip, neşir belleýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Beýik Britaniýa iş sapary başlandy
Türkmenistanyň Prezidenti Karl III-ä täç geýdirmek dabarasyna gatnaşmaga Britaniýa bardy
Serdar Berdimuhamedow Londona iş saparyny amala aşyrýar
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Liwanur Berdiýewa zehinini rus teleýaýlymynda görkezýär
Şwesiýa, Ukraina 93 Million Dollarlyk Kömek Berer