Türkmenistanyň Prezidentiniň Beýik Britaniýa iş sapary başlandy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Beýik Britaniýa iş sapary başlandy

5-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow britan tarapynyň çagyrmagy boýunça Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä hem-de Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Beýik Britaniýa ugrady.

Hormatly Prezidentimiziň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lýusia Uaýld bilen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde bolan söhbetdeşliginde dürli ulgamlarda özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri özünde jemleýän hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti kanagatlanma bilen bellenildi. Şunda taraplaryň köpýyllyk hyzmatdaşlyga hil taýdan täze many-mazmun bermäge ygrarlydyklaryna aýratyn üns çekildi.

...Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary London şäheriniň Stansted Halkara howa menzilinde gondy. Uçaryň ýanynda döwlet Baştutanymyzy Beýik Britaniýanyň Patyşasynyň ýörite wekili Çarlz Anderson, ýurduň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça söwda wekili baronessa Emma Nikolson we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Bukingem köşgüne tarap ugrady.

Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä hem-de Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasy mynasybetli resmi kabul edişligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Birleşen Patyşalygyň Patyşasy Karl III-ni Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan täç geýdirmek dabarasy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde-de okgunly ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow Londona iş saparyny amala aşyrýar
Türkmenistanyň Prezidenti Karl III-ä täç geýdirmek dabarasyna gatnaşmaga Britaniýa bardy
Gülli Aýyň ganhorlarynyň ssenarisini kimiň ýazandygy belli däl
Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag medaly bilen sylaglandy, Halkbank kartdan karta pul geçirmek hyzmatyny ýola goýdy, Burak Özçiwit Aşgabatda geçiriljek film festiwalyna gatnaşar we beýleki habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Mongoliýa sapara çagyrylýar
Ýaý atyjy gapynyň gulpundan ýedi peýkam geçirdi