Gümrük işgärleri okuw maslahatyna gatnaşdy

Gümrük işgärleri okuw maslahatyna gatnaşdy

2021-nji ýylyň 7-nji iýulyndan 9-njy iýuly aralygynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň 30-dan gowrak işgäriniň gatnaşmagynda Bütindünýä gümrük guramasy (BGG) tarapyndan gurnalan, Mawritis girdeji gullugynyň we Türkiýe gümrük gullugynyň bütewilik hünärmenleriniň goldawy bilen, bütewiligi ösdürmek boýunça okuw maslahaty geçirildi.

Bu seminar, üç günüň dowamynda Gullugyň merkezi edarasynyň we welaýatlaryň gümrük edaralarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda geçirildi.Bu geçirilen Okuw maslahatynyň maksady, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna gümrük pudagynda bitewiligiň ösüş strategiýalaryny has-da kämilleşdirmekde we korrupsiýa garşy göreş babatynda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmekde goldaw bermekdi.

Maslahata gatnaşyjylar dünýä tejribesinde gümrük işi babatda ýetilen sepgitler bilen tanyşdyrylyp, BGG-nyň gümrükde dolandyryş we bitewilik boýunça BGG-nyň täzeden seredilen Aruşa jarnamasyny durmuşa geçirmegiň ähmiýeti barada ünsi çekildi.

Gümrük işgärleri korrupsiýa garşy soňky tendensiýalary ara alyp maslahatlaşdylar, korrupsiýa garşy strategiýalary goldaýan psihologiki we özüni alyp baryş düşünjelerini öwrendiler we gümrük we hyzmatdaşlygyň we maglumat alyş-çalşyny goşmak bilen aç-açanlyk çärelerini we içerki gözegçilik funksiýasynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň ähmiýetini bellediler.

Okuw türgenleşiklerinde bitewilige öz-özüňe baha bermek, gapma-garşylyklary öwrenmek we dolandyrmak, korrupsiýa töwekgelçiligini seljermek, ýüze çykarmak, we onuň öňüni almak ýaly çäreler girdi.

Ýene degişli makalalar

12-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Nigeriýada guralan ýaragly hüjümlerde 23 adam ýogaldy
Iň kyn diller
Nigeriýada guralan ýaragly hüjümlerde 7 adam ýogaldy
Nigeriýada zamun alynan talyplar azat edildi
Beýik Britaniýadaky karollyk kabulhanasyndan 1 million ýewrolyk gymmatlyklar ogurlandy