Nigeriýada guralan ýaragly hüjümlerde 7 adam ýogaldy

Nigeriýada guralan ýaragly hüjümlerde 7 adam ýogaldy

Ýurdyň Kaduna ştatynyň Içerki howpsuzlyk we Içeri işlerden jogapkär komissary Samuel Aruwan beren ýazmaça beýanatynda, şahsyýetleri entek anyklanmadyk ýaragly adamlaryň ştatyň Kakau we Tsohon Gaýa diýilen ýaşaýyş ýerlerine hüjüm gurandygyny habar berdi.

Aruwan, ýaragly hüjümlerde 7 adamyň ýogalandygyny, köp sanda adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

Ýurtda soňky wagtlarda ýaragly adamlaryň motosikller bilen hüjümler guramagy sebäpli käbir ştatlarda motosiklleriň ulanylmagy gadagan edildi.

Sebitde wagtal-wagtal maldarçylyk bilen meşgullanýan Fulaniler bilen ekerançylyk bilen meşgullanýan taýpalaryň arasynda ýaragly çaknyşyklar bolýar.

Kaduna ştatynda geçen ýyl ýaragly adamlar tarapyndan guralan hüjümlerde 937 adam ýogaldy, 1972 adam bolsa ýaralandy.

Mallaryny otlatmak üçin ýurdyň günortasyna göçen Fulaniler ekerançylaryň özleriniň mallaryny ogurlamaga synanyşýandyklaryny we özlerine hüjümler guraýandyklaryny öňe sürýärler.

Ýene degişli makalalar

Nigeriýada guralan ýaragly hüjümde 11 adam ýogaldy
Nigeriýada zamun alynan talyplar azat edildi
Nigeriýada guralan ýaragly hüjümde 23 adam ýogaldy
Nigeriýada Zamun Alynan 35 Adam Halas Edildi
Nigeriýada guralan ýaragly hüjümlerde 23 adam ýogaldy
12-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal