Nigeriýada zamun alynan talyplar azat edildi

Nigeriýada zamun alynan talyplar azat edildi

Kaduna ştatynyň Içerki howpsuzlyk we Içeri işler komissary Samuel Aruwan beren beýanatynda, ştatdaky Green Field hususy uniwersitetinden ýaragly adamlar tarapyndan zamun alynan 14 talybyň azat edilendigini habar berdi.

Aruwan, nähili ýagdaýda azat edilendikleri barada maglumat bermedi, diňe talyplaryň maşgalalaryna gaýdyp barandyklaryny mälim etdi.

Ýaragly adamlar 20-nji aprelde Kaduna ştatynyň Green Field hususy uniwersitetine garşy guran hüjüminde 19 talyby zamun alypdylar. Şol talyplaryň 5-si 23-nji aprelde uniwersitediň golaýynda öli ýagdaýda tapylypdy.

Ýaragly adamlar talyplaryň azat edilmegi üçin paç isläpdi.

Kaduna ştatynyň gubernatory Nasir Ahmad al-Rufai talyplaryň azat edilmekleri üçin paç töläp bilmejekdiklerini habar beripdi.

Ýene degişli makalalar

Nigeriýada guralan ýaragly hüjümde 11 adam ýogaldy
Nigeriýada guralan ýaragly hüjümlerde 7 adam ýogaldy
Nigeriýada guralan ýaragly hüjümde 23 adam ýogaldy
Nigeriýada Zamun Alynan 35 Adam Halas Edildi
Nigeriýada guralan ýaragly hüjümlerde 23 adam ýogaldy
12-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal