Günbatar Afrikada soňky on ýylda iň ýiti azyk ýetmezçiligi döredi

Günbatar Afrikada soňky on ýylda iň ýiti azyk ýetmezçiligi döredi

Günbatar Afrika soňky on ýylda iň çynlakaý azyk krizisini başdan geçirýär we munuň golaý wagtda has-da ýitileşmegi mümkin. Bu barada Oxfam, Save the Children ("Çagalary halas ediň"), International Rescue Committee ("Halkara halas ediş geňeşi") ýaly halkara guramalaryň toparynyň sişenbede çap eden nutugynda bellenýär diýip, TASS ýazýar.

“Afrikalylaryň 27 milliony açlygy başdan geçirýär, eger zerur çäreler görülmese, öňdäki iýunda bu san 38 milliona ýetip biler” diýip, Maghreb Arabe Presse (MAP) habarlar gullugy resminamada beýan edilen maglumatlary getirýär.

“Azyk krizisi soňky on ýylda, esasan hem, Furkino-Faso, Niger, Çad, Mali we Nigeriýa ýaly ýurtlarda has-da ýitileşdi. 2015-2022-nji ýyllar aralygynda gyssagly azyk kömegine mätäçleriň sany 7 millionlygyndan 27 milliona ýetdi” diýlip, ady agzalan nutukda bellenýär.

“Oxfam” guramasynyň sebit direktory Assalama Dawalak Sidiniň aýtmagyna görä, Günbatar we Merkezi Afrikada dänäniň hasyly görnetin azalypdyr. Maşgalalarda azyk gory tükenerli ýagdaýda. Guraklyk, sil joşmalary, gapma-garşylyklar we koronawirusyň pandemiýasynyň ykdysady zyýany millionlarça adamyň ýaşaýan ýerlerini terk etmegine getiripdir.

“Save the Children” guramasynyň Günbatar we Merkezi Afrika boýunça direktory Filipp Adamo çagalar üçin iýmitiň gytlyk edýändigini, olaryň saglygyna howp abanýandygyny belläp, dünýä jemgyýetçiligini gyssagly kömek etmäge çagyrýar.

Ýene degişli makalalar

Malide sil joşgunlarynda 77 adam pida boldy, 148 adam ejir çekdi
Nigeriýada Boko Haramyň 15 agzasy boýun egdi
Fransiýanyň Prezidenti Makrona Sahel hakyndaky analizleri sebäpli garşylyk güýçlenýär
Tramp Türkmenistana girizilen wiza çäklendirmelerini gowşatdy
“BRICS-iň harby hyzmatdaşlyga öwrülmegi barada öňe sürülýän garaýyşlar asylsyz”
Türkmenistanda Çad Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Sekizýap suw howdanynyň çägi, gurakçylyk sebäpli, azyndan 2,5 esse kiçeldi