Günbatar Frakiýada türk gonamçylygyna hüjüm gualdy

Günbatar Frakiýada türk gonamçylygyna hüjüm gualdy

Şahsyýetleri entek anyklanyp bilinmedik adam ýa-da adamlar tarapyndan guralan hüjümde takmynan 20 mazar daşyna zeper ýetirildi.

Gonamçylyga zyýarat eden adamlar tarapyndan görülen hüjümler barada ýerli ýolbaşçylara maglumat berildi.

Gonamçylyga zyýarat eden Günbatar Frakiýanyň Türk azlyklaryň maslahatlaşma geňeşiniň başlygy we Komotininiň saýlanan müftisi Ibrahim Şerif sosial media hasabyndan beren beýanatynda: "Komotini şäheriniň Poliantho obasynda kowumdaşlarymyza degişli gonamçylykda 20-ä golaý mazar şahsyýetleri entek anyklanmadyk adamlar tarapyndan zeper ýetirildi. Polisiýa gullugyna habar berilen wakada jogapkärler tapylar, nesip bolsa jezasyny çekerler" diýip habar berdi.

Dostluk Deňilik partiýasy tarapyndan çap edilen beýanatda hem jogapkärleriň iň gysga wagtda resmiler tarapyndan anyklanyp, adalatyň öňünde hasap bermekleri talap edildi.

Ýene degişli makalalar

BMG Ukrainada Asuda İlatdan 10 Müň Adamyň Öldürilendigini Habar Berdi
“Azerbaýjanyň Goşunlaryna Gyýa Göz Bilen Garalmagyna Ýol Bermeris”
Billstrem: "Türkiyäniň aladalaryny çözeris" diýdi
Fransiýada polisiýa işgäri tarapyndan od açylan hüjümçi ýogaldy
El çarpylýan ýygnaklar, medallar 'SSSR-i ýykan däpleri dowam etdirýär'
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny