TÄZE KITAPLAR

TÄZE KITAPLAR

Hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylyň 23-nji dekabrynda gol çeken Karary bilen tassyklanylan Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, döwürdeş şahyrlaryň Magtymguly Pyragy hakynda Magtymgula tagzym atly goşgular ýygyndysy neşir edildi.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan taýýarlanan, Türkmen döwlet neşirýat gullugynda neşir edilen bu kitaba döwürdeş şahyrlarymyzyň 100-den gowragynyň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga bagyşlap döreden goşgulary we poemalary girizildi.

Magtymgula tagzym atly kitapda ýerleşdirilen bu şygryýet eserlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Magtymguly Pyraga goýulýan belent-hormat sarpa, dana şahyryň edebi mirasy çeper wasp edilýär.

Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Akmyrat Rejebowyň çapa taýýarlan bu ýygyndysy doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly bellenilýän Magtymguly Pyragynyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan baý edebi mirasyny, döredijiligini giňden wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýe bolar diýip umyt edýäris.

Halypa şahyr Bazar Şalyýewiň Älemgoşar atly kitaby şu ýylda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilip okyjylara ýetirildi. Häzirki zaman türkmen çagalar edebiýatynyň täze eserler bilen baýlaşmagynda Älemgoşar atly kitapda ýerleşdirilen, çagalar hakynda döreden goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti uludyr.

Bu kitabyň ondaky her bir goşgynyň manysyna, goşguda ündelýän pikirlere laýyk gelýän suratlar bilen bezelmegi, reňkli we owadan bezegleriň şahyrana setirler bilen sazlaşmagy, körpe nesilleriň kalbynda Watana bolan söýgini terbiýeleýär.

Türkmenistanyň Watana bolan söýgüsi üçin medalynyň eýesi, şahyr Bazar Şalyýew köp ýyllar bäri çeper döredijilik bilen meşgullanyp gelýär. Halypa şahyryň Ynam, Hasyl, Rubagylar atly kitaplary okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Bazar Şalyýewiň täze kitabynda ýerleşdirilen goşgular ajaýyp zamanamyzyň bagtyýar nesilleri üçin niýetlenendir.

Häzirki döwürde türkmen çagalar edebiýatyny ösdürmek, täze eserler bilen baýlaşdyrmak möhüm işleriň biridir. Çagalar üçin goşgulary ýazmagy öz döredijilik borjy hökmünde hormatlaýan halypa şahyryň bu kitaby diňe bir körpe nesiller üçin däl, eýsem, uly ýaşlylar üçin özboluşly sowgatdyr. Agzybir maşgala ojaklarynda öz perzentlerini watansöýerlik ruhunda terbiýeleýän ata-eneler bu kitapdaky goşgularda öňe sürülýän pikirleri, ýörelgeleri körpe nesilleriň kalbyna guýarlar.

Älemgoşar atly kitap türkmen çagalar edebiýatynyň täze eserler bilen baýlaşdyrdy. Şonuň üçin-de, bu kitabyň okyjylaryň göwnünden turjakdygyna pugta ynanýarys.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly bäsleşiginiň ýeňijisi, ýazyjy Durdymyrat Gazakowyň Soltan Sanjar atly kitaby Türkmen döwlet neşirýat gullugynda neşir edilip, okyjylara ýetirildi.

Ýazyjy Durdymyrat Gazakowyň Soltan Sanjar atly iki kitapdan ybarat romanynda Soltan Sanjaryň ömür we ykbal ýollaryndan, durmuşyndan täsirli söhbetler açylýar. Türkmen edebiýatynda Soltan Sanjar hakynda ilkinji taryhy we çeper eser bolan bu romanda Soltan Sanjaryň döwründäki çylşyrymly wakalar, täsin pursatlar töwerekleýin beýan edilýär.

Awtoryň bu romany döretmek üçin köp zähmet çekendigi, taryhy eserleri okandygy, öwrenendigi, taryhy çeşmeler bilen içgin gyzyklanandygy aýdyň duýulýar. Romanda çeper keşpleri açylyp görkezilýän taryhy şahsyýetleriň atlarynyň, ýaşan ýyllarynyň anyk görkezilmegi, häsiýetleriniň giňişleýin suratlandyrylmagy eseriň çeperçilik derejesini ýokarlandyrýar, okyjylarda gyzyklanma döredýär.

Ýazyjy Durdymyrat Gazakowyň 2020-nji ýylda neşir edilen Maru-şahu-jahan rowaýata öwrülen şäher atly taryhy romanynda hem Beýik Seljuk soltanlary barada gyzykly we özboluşly eserdir. Ýazyjynyň şol romandan soň Soltan Sanjar atly romanyny ýazmagy, onuň türkmen halkynyň şanly taryhyna söýgüsiniň we buýsanjynyň uludygyndan habar berýär.

Köp ýyllaryň dowamyndaky gözlegler, pikirlenmeler, taryh bilen gyzyklanmalar awtoryň kalbynda iri göwrümli bu eseri döretmäge ýardam beripdir.

Soltan Sanjar romanyny okap otyrkaň, kitapda beýan edilýän wakalar özüne imrindirýär, yzyny okamaga howlukdyrýar. Şahsyýetleriň çeper keşpleriniň we häsiýetleriniň oykynyň kalbynda galar ýaly derejede açylyp görkezilmegi üçin, oňa beletlik, taryhy öwrenmek, töwerekleýin pikirlenmek esasy zerurlyk. Ýazyjynyň irginsizligi, yhlaslylygy, erjelliligi we okumyşlygy şeýle uly romanyň döremegine sebäp boldy.

Soltan Sanjar romany halkymyzyň şanly taryhyna, buýsançly geçmişine sarpaly okyjylarda gyzyklanma döreder diýip umyt edýäris.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly bäsleşiginiň ýeňijisi, şahyr Şahyr Esen Çaryýewiň Ylham çeşmesi atly kitaby Türkmen döwlet neşirýat gullugynda neşir edildi.

Esen Çaryýewiň Ylham çeşmesi atly kitabyna onuň dürli ýyllarda döreden goşgularynyň ençemesi girizildi. Kitapdaky goşgularda Watan mukaddesligi, ýurt abadançylygy, halkymyzyň parahat we bagtyýar durmuşy, türkmen tebigatynyň gözellikleri, milli gymmatlyklar, ynsany bezeýän ýagşy-gylyk häsiýetler, päk söýgi şahyrana wasp edilýär.

Bu kitapda ýerleşdirilen goşgular Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhy özgerişlerini, belent maksatlaryny giňden wagyz etmekde, ýaş nesilleri watançylyk, halallyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde, şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan milli ýol-ýörelgelerimize sarpa goýmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Esen Çaryýewiň eserleri okyjylary özüne imrindirýär, kalbyny gozgalaňa salýar. Şahyr islendik temadan goşgy ýazanda, oňa öz ýüregini, mährini we yşkyny salyp ýazýar. Goşgy ýa-da islendik çeper eser şahyryň ýürek önümi. Şahyr nähili häsiýetde bolsa, onuň tebigy gylyk-häsiýetleri eserlerine-de geçýär.

Halypa şahyr Esen Çaryýewiň goşgularynda watançylyk temasy aýratyn orne eýedir. Munuň özi ýöne eýrden däl. Halypa şahyryň kalbynda Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan işlerine söýgi, mähriban Watanymyza buýsanç joş urýar. Esen Çaryýewiň Ylham çeşmesi atly goşgular kitabynda ýerleşdirilen goşgular şygryýete aşyk okyjylaryň göwnünden turar diýip tama edýäris.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy
Aşgabatda Reňkler döwürleriň dessany atly sergi gurnaldy
Türkmenistan we Hytaý ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy kämilleşdirmegi ara alyp maslahatlaşdylar
Aşgabatda kondisionerleri aýyrmak çäresi täzeden güýçlendi
Prezident statistika gullugynyň başlygyny çalşyrdy we beýleki birnäçe emeldary wezipä belledi