Prezident statistika gullugynyň başlygyny çalşyrdy we beýleki birnäçe emeldary wezipä belledi

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji maýda birnäçe kadr bellemek kararyna gol çekdi.

Hakdurdy Gurbanow Statistika baradaky döwlet gullugynyň başlygy wezipesine bellenildi. Ol ozal bu edaraynyň başlygynyň orunbasary bolup işleýärdi;

Aýna Öräýewa başga işe geçýändigi sebäpli Döwlet statistika gullugynyň başlygy wezipesinden boşadyldy;

Döwrangeldi Sapbaýew “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Gazygaýtadanişleýiş” müdirliginiň Ahal welaýatynda gazdan benzin öndürýän zawodynyň direktory wezipesine bellenildi;

Durdymyrat Atadurdyýew “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Gazygaýtadanişleýiş” müdirliginiň Gyýanlydaky polimern zawodynyň direktorlygyna bellenildi;

Leýli Gurbanowa “Nesil” gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary wezipesine bellenildi;

Sülgün Babaýewa Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

Ýene degişli makalalar

04.05.2018 | Resmi habar
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
07.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Milli mirasyň nesil terbiýesindäki tutýan orny atly maslahat we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi