04.05.2018 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Atajanowa Aýjeren Ýazlyýewna özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Sülgün Geldimyradowna Babaýewa Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Leýli Amanowna Kurbanowa “Nesil” gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygynyň orunbasary Annadurdy Erkinowiç Kösäýew Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň başlygy wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Durdymyrat Söýündurdyýewiç Atadurdyýew “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Gazygaýtadanişleýiş” müdirliginiň Gyýanlydaky polimer zawodynyň direktory wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Döwrangeldi Işangulyýewiç Sapbaýew “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Gazygaýtadanişleýiş” müdirliginiň Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodynyň direktory wezipesine bellenildi. *** Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek, şeýle hem Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň “Saglyk — 2020” syýasatynyň çäklerinde ýurdumyzda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasynda bellenen çärelerden we tekliplerden ugur alyp, milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda raýatlarymyzyň sagdynlygyny gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasynda bellenen wezipeleri 2014 — 2020-nji ýyllarda amala aşyrmagyň milli strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça Milli utgaşdyryjy geňeşiň düzümi tassyklanyldy. *** Ýurdumyzyň ilatynyň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz-nesihat etmek we giňden ornaşdyrmak, temmäkä garşy göreşmek, raýatlarymyzyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, Türkmenistany 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurda öwürmek üçin netijeli çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly Konwensiýasyny Türkmenistanda durmuşa geçirmegiň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin milli maksatnamasyny amala aşyrmak baradaky Pudagara utgaşdyryjy toparyň düzümi tassyklanyldy. *** “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” we dokma pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda önümçilik kuwwatlylygy bir ýylda 3300 tonna kompakt penýe (tüýsüz) görnüşli inçe süýümli ýüplügi, 20 million inedördül metr ýokary hilli matalary öndürýän, şol sanda 18 million inedördül metr boýalan matany hem-de 3,5 million sany taýýar tikin önümlerini öndürýän dokma toplumynyň taslamasyny düzmek we ony döwrebap enjamlaşdyryp, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada Britan Wirgin adalarynyň “Cotam Enterprises Ltd.” kompaniýasy bilen şertnamanyň, daşarky eltiji inžener ulgamlaryny we desgalaryny gurmak, hünärmenleri taýýarlamak we dokma toplumy işe girizilenden soň, ornaşdyrylan tilsimat enjamlaryny iki ýylyň dowamynda ätiýaçlyk şaýlary bilen kompaniýanyň serişdeleriniň hasabyna üpjün etmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2018-nji ýylyň maý aýynda başlamak we dokma toplumyny 2021-nji ýylyň maý aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, ministrligiň bellenen tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin Türkmenistanyň energetika ministri Purçekow Çarymyrat Hywaliýewiçe käýinç yglan edildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, gullugyň bellenen tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy Gurdow Amanmyrat Tagandurdyýewiçe berk käýinç yglan edildi.

Ýene degişli makalalar

Prezident statistika gullugynyň başlygyny çalşyrdy we beýleki birnäçe emeldary wezipä belledi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistan we Hytaý ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy kämilleşdirmegi ara alyp maslahatlaşdylar