
Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, 9-njy maý Ýeňiş baýramy mynasibetli geçirlen dabarada eden çykyşynda “Günbatar nasistleri kimiň ýeňendigini ýatdan çykardy”diýdi.
Wladimir Putn, paýtagt Moskwada Gyzyl meýdanda Sowet Soýuzynyň II jahan urşynda nasist Germaniýany ýeňmeginiň 78 ýyllygy mynasibetli geçirlen dabara gatnaşdy.
Dabarada çykyş eden Putin, Günbatarly käbir gatlaklaryň “Rusofobi” tohumyny ekýändigini belledi.
Günbatarda sowet esgerleriniň ýadigärlikleriniň ýok edilendigini, onuň ýerine faşist medeniýetiniň ýaýbaňlandyrlandygyny öňe süren Putin “Günbatar, nasistleri kimiň ýeňendigini ýatdan çykardy” diýdi.