Tramp: “Putin Duşuşmak Isledi”

Tramp: “Putin Duşuşmak Isledi”

ABŞ-nyň saýlanan Prezidenti Donald Tramp, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň gysga wagtda özü bilen duşuşmak isländigini aýtdy.

Donald Tramp Arizona ştatynda eden çykyşynda gelejek aý wezipesine girişmeginden soň alyp barjak daşary syýasaty hakynda durup geçdi.

Russiýa-Ukraina söweşiniň gysga wagtda bes edilmelidigine ünsi çeken Tramp, “Prezident Putin gysga wagtda meniň bilen duşuşmak isleýändigini aýtdy. Bu söweş bes edilmeli” diýdi.

Tramp, Ukrainadaky söweşiň elhençdigini we millionlarça esgeriň bu söweşde ýogalandygyny belledi.

20-njy ýanwarda wezipesine girişjek Tramp, uzak wagtdan bäri Ukrainadaky we Ýakyn Gündogardaky söweşi bes etjekdigini beýan edýär.

Ýene degişli makalalar

Russiýa ABŞ-na seýrek gabat gelýän metallar we energetika boýunça hyzmatdaşlyk teklip etdi
Tramp Putin bilen duşuşyk geçirip biler
Putin gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi
“Putin Bilen Duşuşmaga Taýar”
Tramp Putin we Szinpin bilen ýadro ýaragsyzlanma hakynda gepleşikler geçirmek isleýar
Tramp, Zelenskiý we Putin Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Tramp Putin bilen Saud Arabystanynda duşuşmagynyň mümkindigini aýtdy