“Putin Bilen Duşuşmaga Taýar”

“Putin Bilen Duşuşmaga Taýar”

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Russiýa-Ukraina söweşiniň diplomatiýa arkaly bes edilmegini isleýändiklerini we zerur halatynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşmaga taýardygyny aýtdy.

Wladimir Zelenskiý, ýurdunda saparda bolan Ýewropa Galkynyş bankynyň başlygy Odile Bassoýu kabul etdi.

Kabul edilşikde Russiýa bilen 3 ýyldan bäri dowam edýän söweşde ýetilen soňky sepgit ara alnyp maslahatlaşyldy.

Kabul edilşikden soň metbugata beýannama beren Zelenskiý, žurnalistleriň Russiýanyň Prezidenti Putin bilen duşuşyp duşuşmajakdygy hakyndaky soraga jogap berdi.

Zelenskiý “Elbetde hem ABŞ, hem-de Prezident Donald Tramp we ÝB-ne agza ýurtlar Russiýa bolmazdan we Putin bolmazdan diplomatiýanyň mümkin bolmandygyna ynanýar. Şol sebäpli hem söweşiň bes edilmegi üçin Putin bilen duşuşmaga taýar. Biz diplomatiýa taýar. Putin meniň bilen söweşiň bes edilmegi meselesini ara alyp maslahatlaşmakdan gorkýar” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Tramp, Zelenskiý we Putin Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Tramp Putin bilen duşuşyk geçirip biler
Tramp Putin bilen Saud Arabystanynda duşuşmagynyň mümkindigini aýtdy
“Ukraina NATO Agzalyga Kabul Edilse Wezipämden Çekilerin”
“ABŞ bilen Russiýanyň arasynda gazanyljak emma Ukrainany öz içine almaýan ylalaşygy kabul etmeris”
Russiýa Ukrainanyň Donetsk sebitindäki 2 ýaşaýyş zolagyny gözegçiligi astyna aldy