Merkezi Londonda ýerleşýän halkara ynsanperwer guramasy “Oxfamyň” beýanatynda Gündogar Afrika ýurtlarynda 2 ýyldan bäri dowam edýän guraklyga garşy halkara jemgyýetçiligi işe girişmese, sebitdäki 28 million adamyň açlyga sezewar boljakdygy mälim edildi.
“Oxfamyň” Ýerine ýetiriji direktory Gabriýela Buçer; “Gündogar Afrikada agyr açlyk howpuna sezewar. Efiopiýada, Keniýada, Somalide, Gündogar Sudanda we beýleki ýurtlarda artýan agyr apat başdan geçirilýär. Mart aýynda-da ýagyş ýagmasa, işe girilmän halatynda öwezi dolunmasyz ýitgiler çekiler” diýdi.
Russiýanyň 24-nji fewralda Ukraina hüjüme başlamagynyň esasan ýoksul ýurtlara zyýan ýetirýändigi, azyk önümleriniň nyrhlarynyň artmagynyň başga kynçylyklar bilen göreşýän halkara agyr zarba urandygy beýan edildi.
Beýannamada Gündogar Afrika ýurtlarynyň bugdaý eksportunyň 90 göterimini Russiýadan we Ukrainadan edýändigi ýatladylyp, 2010-2011-nji ýyllarda nyrhlaryň şeýle ýokarlamagynyň 44 million adamy güýçli ýoksullyga sezewar edendigi nygtaldy.
Somalide 2011-nji ýylda gurakçylyk we azyk ýetmezçiligi sebäpli 260 müňe barabar adam pida bolupdy.
