Günorta koreýalylaryň diňe ýarysy nikalaşmaga taýýar

Günorta koreýalylaryň diňe ýarysy nikalaşmaga taýýar

Günorta koreýalylaryň ýarysyna golaýy durmuşa çykmaga ýa-da öýlenmäge, ýarysyndan az bölegi bolsa geljekde çaga edinmäge taýýar diýip, The Korea Herald neşirine salgylanýan Kazinform habar berýär.

Ýurduň Jemgyýetiň we ilatyň garramagynyň meseleleri boýunça Prezident geňeşi Koreýanyň Saglyk we durmuş meseleleri boýunça institutynyň geçiren pikirsoraşmasynyň netijelerini paýlaşdy. Pikirsoraşma 19-49 ýaş aralygyndaky raýatlaryň 2 müňüsiniň gatnaşmagynda geçirildi.

Ol pikiri soraşylan sallahlaryň 1059-synyň 51,7 göteriminiň geljekde nikalaşmak isleýändiklerini görkezdi. Şeýle pikirdäkiler 30-34 ýaşlylaryň arasynda köp ekeni.

Şundan zenanlara garanyňda, erkekleriň durmuş gurmaga meýilldigi belli boldy.

Emma pikiri soraşylanlaryň esasy bölegi geljekde çaganyň ene-atasy bolmak islegleriniň ýokdugyny habar berdiler. Pikirsoraşma gatnaşanlaryň 93,9 göterimi çaga dogluşynyň peselmegini jemgyýetçilik meselesi hasaplaýar, köpüsi özleriniň çaga edinmek islegleriniň ýokdugyny iş bilen çaga seretmegi sazlaşdyrmagyň kyndygy bilen düşündirdiler.

Ýene degişli makalalar

Gazagystan 1 milliard kub metr töweregi süýşgün suwy Hazara ugratdy
HHR-iň Başlygy Si Szinpin Fransiýa döwlet saparyny amala aşyrdy
Gazagystan Türkmenistanyň serhedine barýan awtoulag ýolunda abatlaýyş işlerini amala aşyrar
Gazagystana göni maýa goýumlary rekord derejä ýetdi
Hoja Ahmed Ýasawynyň aramgähi öwreniler
Gazagystan Türkmenistanyň üsti bilen ýük daşamalary artdyrar