Gazagystan 1 milliard kub metr töweregi süýşgün suwy Hazara ugratdy

Gazagystan 1 milliard kub metr töweregi süýşgün suwy Hazara ugratdy

Gazagystan 1 milliard kub metr töweregi süýşgün suwy ýurduň Atyrau oblastynyň suw hojalygy edarasynyň dört kanaly arkaly Hazara akdyrdy diýip, ýurduň Suw gorlary we irrigasiýa ministrliginiň resmi wekili Moldir Abdualiýewe salgylanýan Kazinform habar berdi.

Gazagystanyň suw hojalygy hünärmenleri şeýle hem suwy ýurtdaky Balgaş kölüne akdyrýarlar, köl Kapşagaýa suw howdanyndan akdyrylan 2,5 mlrd kub metre golaý suw bilen doldy.

Habarda ýurtdaky we goňşy Russiýadaky suw süýşgünleriniň hasabyna birnäçe suw howdanlarynyň hem-de kölleriň doldurylýandygy bellenýär. Olardan, mysal üçin, Günbatar-Gazagystan oblastyndaky Kamyş-Samar kölüne 20 ýylda suw barmandyr. Oblastda soňky ýyllarda guramak howpy abanan Ýedilsor, Žaltyrgol, Birkazan, Sorkol köllerine suw akdyrmak işlerine girişilendigi habar berilýär.

Ýene degişli makalalar

Gazagystanyň Senaty Türkmenistan bilen döwlet serhedini kesgitlemek baradaky Şertnamany tassyklady
GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň indiki mejlisi Soçide geçiriler
GDA ýurtlarynyň II oýunlary 2023-nji ýylda Belarusda geçiriler
Dekabr aýynda Gazagystanda GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň mejlisi geçiriler​
Türkmen wekiliýeti Türki Döwletleriň Guramasynyň ulag ministrleriniň altynjy mejlisine gatnaşdy
Gazagystan Türkmenistan we Özbegistan bilen adatdan daşary ýagdaýlary aradan aýyrmak baradaky Ylalaşygy tassyklady