Dekabr aýynda Gazagystanda GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň mejlisi geçiriler​

Dekabr aýynda Gazagystanda GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň mejlisi geçiriler​

Gazagystan GDA-nyň başlyklyk wezipesini GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň mejlisinden soň Gyrgyzystana geçirer. Kazinform-yň habaryna görä, muny GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Sergeý Lebedew mälim etdi.

Dekabr aýynda Gazagystanyň baştutanlygynda GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň mejlisi geçiriler. Häzir biz gazagystanly dostlarymyz bilen bu duşuşyga taýýarlanýarys. Biz bu duşuşygyň ýokary derejede geçjekdigine ynanýarys. Soňra Gazagystan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň başlyklyk wezipesini goňşy Gyrgyzystana geçirer diýip, Sergeý Lebedew GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Astanadaky mejlisiniň ahyrynda aýtdy.

Öň Astanada GDA agza ýurtlaryň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň geçirilendigini habar beripdik. Duşuşykda sebitde hyzmatdaşlyk etmek boýunça birnäçe meselelere garaldy. Oňa Türkmenistandan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradow hem gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Gazagystanyň Senaty Türkmenistan bilen döwlet serhedini kesgitlemek baradaky Şertnamany tassyklady
GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň indiki mejlisi Soçide geçiriler
GDA ýurtlarynyň II oýunlary 2023-nji ýylda Belarusda geçiriler
Türkmen wekiliýeti Türki Döwletleriň Guramasynyň ulag ministrleriniň altynjy mejlisine gatnaşdy
Gazagystan Türkmenistan we Özbegistan bilen adatdan daşary ýagdaýlary aradan aýyrmak baradaky Ylalaşygy tassyklady
Gazagystan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoluny işjeňleşdirýär