Gazagystan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoluny işjeňleşdirdi diýip, Kazinform Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary, söwda we integrasiýa ministri Serik Žumangariniň Gazagystan bilen Russiýanyň arasyndaky sebitara hyzmatdaşlyk forumynda eden çykyşyna salgylanyp habar berdi.
Ministriň aýtmagyna görä, şu ýyl ilkinji gezek bu ugurda rus otlusy işe girizildi. Bu babatda ol şu ýylyň iýun aýynda ilkinji gezek gurluşyk materiallary ýüklenen konteýner otlusynyň Russiýadan bu geçelge arkaly Hindistana iberilendigini belledi.
