Günorta Koreýanyň kompaniýalary Türkmenistanyň demir ýol taslamalaryna gatnaşyp bilerler

Günorta Koreýanyň kompaniýalary Türkmenistanyň demir ýol taslamalaryna gatnaşyp bilerler

Günorta Koreýanyň döwlet edaralary we hususy kompaniýalary Türkmenistanyň strategiki demir ýol taslamalaryna gatnaşyp bilerler. Bu barada “Türkmendemirýollary” agentliginiň ýolbaşçylary bilen Günorta Koreýanyň ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň hem-de döwlet eýeçiligindäki “Korea National Railway” kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda çarşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Günorta Koreýadaky ilçihanasynyň beren beýanatynda mälim edilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen tarapy demirýol gurluşygy, demir ýollary elektrikleşdirme, signalizasiýa, demir ýol infrastrukturasyny döretmek ýaly beýleki ugurlar boýunça iş alyp barýan Günorta Koreýanyň döwlet edaralary we hususy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge gyzyklanma bildirdi.

Şeýle hem taraplar Günorta Koreýanyň döwlet edaralarynyň we kompaniýalarynyň Türkmenistanyň strategiki demir ýol taslamalaryna gatnaşmagyny mundan beýläk-de ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen şahsy ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmegiň möhümdigini nygtadylar. Şeýle-de taraplar Günorta Koreýanyň demir ýol kompaniýalarynyň wekilleriniň Türkmenistana saparyny şu ýylyň dowamynda guramak mümkinçiligini öwrenmek barada ylalaşdylar.

Türkmen tarapy Günorta Koreýanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi we Günorta Koreýanyň ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň, ýurduň demir ýol korporasiýasynyň hem-de Günorta Koreýanyň milli demir ýol gullugynyň wekillerine 2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Aşgabatda geçiriljek Merkezi Aziýa bilen Günorta Koreýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça 16-njy foruma gatnaşmak üçin çakylyk iberdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar demir ýol pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn netijelerine ýokary baha berdiler.

Ýene degişli makalalar

Işewürlik-daýdžest: 31-nji oktýabrdan 6-njy noýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady habarlary
Türkmenistan bilen Hytaý Ýewropa uzaýan täze ulag geçelgelerini döretmegi meýilleşdirýär
Pekinde ulag-logistika hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-hytaý gepleşikleri geçirildi
Sagatdaky tizligi
“Railways” bilen bilet almak has hem aňsatlaşdyryldy
TÜRKMENISTANYŇ, ÖZBEGISTANYŇ WE EÝRANYŇ DEMIRÝOLÇULARYNYŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI