Güýz paslynda saglygyňyzy goramak üçin maslahatlar

Güýz paslynyň gelmegi bilen ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, paslyň talaplaryna laýyklykda özüňi alyp barmak zerur bolup durýar.

Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli.Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli.Ir säher bilen we agşamara arassa howada pyýada ýöremeli.Her bir adam burnunyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmagy endik edinmeli.Pasla görä geýinmeli we witamin С askorbin turşusyna baý önümleri iýmeli (miwe şirelerini, bally we limonly gök çaýy, itburun demlemesini, alma we pyrtykal şirelerini içmeli, kelem, käşir, sogan, sarymsak we beýleki bakja önümlerini iýmeli).Wagtal-wagtal penjiräni ýa-da gapyny açyp, iş we öý otaglaryny ýelejiredip durmaly, ýöne şemalyň ugrunda durmaly däl.

Otaglarda zyýansyzlandyryjy serişdeleri rejeli ulanyp, çygly arassalaýyş işlerini geçirmeli.Iş ýeriňizde we öýüňizde yzygiderli ulanýan zatlaryňyzy arassalamaly we zyýansyzlandyrmaly.Howanyň üýtgemegi bilen möwsümleýin keselleriň öňüni almak maksady bilen, milli tagamymyz bolan gyzyl burç goşulan unaşy iýmeli.

Gyzyl burçuň düzümindäki fitonsidler, efir ýaglary, peýdaly maddalar adamyň bedeniniň kesele garşy göreş ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär.Ýiti respirator ýokanç keselleriniň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly.

Lukman tarapyndan bellenilen bejergini doly we dogry berjaý etmeli.Asgyrylanda, üsgürilende hökman elýaglyk bilen agzyňyzy we burnuňyzy ýapmaly.Ýurdumyzda hereket edýän şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünleri berk berjaý etmeli.

Agyz-burun örtügini dogry we doly dakynmaly.Bir gezeklik agyz-burun örtügini her 2 sagatdan çalyşmaly.Eliňizi elmydama arassa saklamaly we ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmaly, howpsuz araçägi berjaý etmeli.Derman serişdelerini özbaşdak, lukman bilen maslahatlaşman kabul etmeli däl, esasan hem, bu antibakterial serişdelerine degişli.

Olary özbaşdak ulanmak birnäçe gaýra üzülmelere getirip biler we bedeniň kesele garşy durnuklylygyny peselder.Arassa agyz suwuny ýa-da gaýnadylyp sowadylan suw içmeli.Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki, narpyz, käkilik oty ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary içmegi endik edinmeli.Möwsümleýin kesellere garşy sanjymlar hem biziň ýurdumyzda ýola goýlan.

Her bir adam öz maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, olary hem kabul edip biler.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiňSaglygy goraýşyň habarlar merkezi.

Ýene degişli makalalar

Saglygyňyza jogapkärli çemeleşiň!
Nyýazow adyndaky meşhur hassahananyň şertleri näsaglary gorkuzýar
Ýiti suw ýetmezçiligi: Daýhanlar ekerançylyk meýdanlaryny suwarmak üçin agyz suwundan we guýulardan peýdalanýar
Lebabyň hassahanalaryndaky şertler näsaglary alada goýýar
Gowaça meýdanlarynda ýekeleme işlerine badalga berildi, ideg işleri agyr zähmet talap edýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny