Gumdag-Etrek-Eýran serhedi awtomobil ýoluny gurmak barada Hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi

18-nji noýabrda paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisinde ulag boýunça hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýetli ugurlarynyň birine öwrülendigi nygtaldy.

Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň gurulmagy munuň aýdyň mysalydyr. Halkara ugurlaryň hatarynda bu polat ýoly Aziýany we Ýewropany birleşdirdi hem-de diňe sebitde däl-de, eýsem, tutuş Ýewraziýa giňişliginde özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açdy.

Iki ýurduň arasyndaky halkara ähmiýetli taslamalar barada gürrüň gozgalanda Tejen-Sarahs-Maşat demir ýolunyň gurluşygynyň amala aşyrylandygyny hem belläp geçmek gerek. Ol Eýranyň, Türkiýäniň, Ýakyn we Uzak Gündogaryň ulag ulgamlaryna gysga ýoly üpjün etdi.

Şunuň bilen birlikde, awtoulag ýollarynyň gurluşyklarynyň hem möhümdigi bellärliklidir. Bu babatdaky işleriň hatarynda Etrek-Gumdag awtoulag ýolunyň-da ähmiýetlidigini bellemek gerek.

Şeýlelik-de, hökümetara toparynyň mejlisiniň jemleri boýunça birnäçe degişli resminamalara, şol sanda Mary (Türkmenistan) Maşat (Eýran) elektrik geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň maliýeleşdirilmegini ýola goýmak hakynda Türkmenenergo döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň, Tawanir kompaniýasynyň we Sanergy Pishro Export and Energy Promotion kompaniýasynyň arasynda Çarçuwaly Ylalaşyga, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministrliginiň arasynda Gumdag-Etrek-Eýran serhedi awtomobil ýoluny gurmak barada Hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň on ýedinji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.

Ýene degişli makalalar

MaryMaşat elektrik geçirijisini maliýeleşdirmek boýunça Ylalaşyga gol çekildi
Türkmenistan Eýran gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýady berkidilýär
Türkmenistan türkmen-eýran serhetlerinde söwda-ykdysady zolaklary döretmegi teklip etdi
“Gumdag-Etrek-Eýran serhedi” awtomobil ýoly gurlar
Mary Maşat elektrik geçirijisini maliýeleşdirmek boýunça Ylalaşyga gol çekildi
Azerbaýjandan DKTR-na Ilkinji Resmi Sapar Guraldy