Türkmenistan Eýran gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýady berkidilýär

18-nji noýabrda paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi, oňa iki ýurduň birnäçe döwlet düzümleriniň hem-de işewürler toparlarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşykda taraplar ileri tutulýan ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmegiň oňyn depginini nygtap, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa toplumlarynda netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmagy, gurluşyk we infrastruktura, gümrük hem-de serhet kadalaşdyrylyşy, senagat, oba we suw hojalygy, inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalar ulgamynda gepleşikleri dowam etmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Nobatdaky hökümetara toparynyň mejlisiniň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi.

Şol sanda:

Mary (Türkmenistan) Maşat (Eýran) elektrik geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň maliýeleşdirilmegini ýola goýmak hakynda Türkmenenergo döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň, Tawanir kompaniýasynyň we Sanergy Pishro Export and Energy Promotion kompaniýasynyň arasynda Çarçuwaly Ylalaşyk;

Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministrliginiň arasynda Gumdag-Etrek-Eýran serhedi awtomobil ýoluny gurmak barada Hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama;

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň on ýedinji mejlisiniň Teswirnamasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan türkmen-eýran serhetlerinde söwda-ykdysady zolaklary döretmegi teklip etdi
“Gumdag-Etrek-Eýran serhedi” awtomobil ýoly gurlar
Gumdag-Etrek-Eýran serhedi awtomobil ýoluny gurmak barada Hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi
Mary Maşat elektrik geçirijisini maliýeleşdirmek boýunça Ylalaşyga gol çekildi
MaryMaşat elektrik geçirijisini maliýeleşdirmek boýunça Ylalaşyga gol çekildi
“Bawariýa” ýene-de ýeňmek başartmady