Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak üçin Türkiýä bardy

Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak üçin Türkiýä bardy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen anna güni Türkiýä bardy.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar ugratdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkiýäniň Antalýa welaýat häkimliginiň habar bermegine görä, Türkmen halkynyň Milli Liderini Antalýa welaýatynyň häkimi Hulusi Şahin we beýleki resmi adamlar garşy aldylar.

Şeýle hem Türkiýä şu gezekki saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary meýilleşdirilýär.

3-nji Antalýa diplomatiýa forumynyň esasy mowzugy “Çökgünlik döwründe diplomatiýanyň ileri tutulmagy” bolup durýar. 2024-nji ýylyň 1 3-nji marty aralygynda Antalýada geçirilýän bu foruma 147 döwletden 4 müň 500-e golaý gatnaşyjy, şol sanda 19 sany ýurduň döwlet Baştutany, 73 sany ministr, 57 sany halkara wekil gatnaşar.

Ýene degişli makalalar

Ankarada türkmen-türk syýasy geňeşmeleri geçirildi
Antalýada jahankeşdelik möwsümi gyzgalaňly badalga aldy
Antalýa Gelýän Kruiz Gämileriniň Sany Köpelýär
Bu ýyl Antalýa 16,5 million jahankeşde barar
Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar
Antalýanyň şu ýyl 16,5 milliondan gowrak syýahatçyny kabul eder diýip garaşylýar
Ermenistan Türkiýe Bilen Serhediň Gysga Möhletde Açylmagyny Isleýär