Ermenistan Türkiýe Bilen Serhediň Gysga Möhletde Açylmagyny Isleýär

Ermenistan Türkiýe Bilen Serhediň Gysga Möhletde Açylmagyny Isleýär

Üstümizdäki aýyň 1-3-i aralygynda geçirilen Antalýan Diplomatgiýa forumyna gatnaşmak üçin Türkiýä gelen Mirzoýan “Anadoly” habarlar gullugyna iki ýurduň gatnaşyklary hakynda beýannama berdi.

Türkiýe bilen ýurdunyň arasynda yzgiderli aragatnaşygyň bardygyny, gury ýer serhediginiň ili ýurda sapara gelýän üçünji ýurtlaryň raýatlarynyň geçişine açylmagy ğçin ylalaşyk gazanylandygyny beýan eden Mirzoýan, onuň diňe bir üçünji ýurduň raýatlary üçin däl, şol bir wagtda-da Ermenistanda we Türkiýede diplomatik pasporty bolan raýatlar üçin hem degişlidigini aýtdy.

Mirzoýan şeýle hem Ani köprüsiniň gaýtadan abatlanmagynyň gün-tertibindedigini beýan edip, serhet zolagyndaky infrastruktura desgalarynyň we ýollary gurulmagy üçin hem käbir ylalaşyklaryň gazanylandygyny ýatlatdy.

Ermeni ministri; “Ermenistan Respublikasy içginlik bilen döwlet serhetleriniň gysga möhletde açylmagyny isleýär. Diplomatik gatnaşyklaryň açylmagyny we raýatlar bilen medeniýetara gatnaşyklaryň artmagyny isleýäris” diýdi.

Mirzoýan Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ýaraşyk gepleşikleri hakynda bolsa “Azerbaýjan bilen ýaraşyk şertnamasyny baglaşmak üçin gepleşikleri dowam etdirýäris we umuman Kawkazda, Günorta Kawkkaz sebitinde durnuklylygyň we parahatçylygyň güýçlendirilmegi üçin gepleşikler tapgyry dowam etdirilýär” diýdi.

Taraplaryň ilki bilen birek-biregiň territorial bitewiligini ykrar edýändigini nygtamak isleýändigini aýdan Ararat Mirzoýan, hiç kimiň täze serhetler çekme ygtyýarynyň ýokdugyny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Lawrow Antalýa Diplomatiýa Forumyna Gatnaşar
Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar
Türki döwletleriň halkara guramalarynyň soňky aýlarda alyp baran işleri
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýe Afrika Ýurtlary Bilen Ýakyndan Hyzmatdaşlyk Edýär
Gurbanguly Berdimuhamedow: Häzirki çylşyrymly döwürde Türkmenistanyň garaýşy berk we aýdyňdyr