Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde Germaniýanyň atçylyk firmasynyň direktory bilen duşuşdy

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde Germaniýanyň atçylyk firmasynyň direktory bilen duşuşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, onuň çägindäki döwrebap Ahalteke atçylyk athanasyna geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Jeýkob Ferdezuçt GBR” atçylyk firmasynyň direktory Katarina Irena Anna Margarita Ýakob bilen gürrüňdeş boldy.

"Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-german hyzmatdaşlygynyň ösüşiň täze belentliklerine çykandygy, onuň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň ugurlaryny öz içine alýandygy, şunda atçylyk pudagyna-da möhüm ähmiýet berilýändigi barada aýdyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmeginiň we onuň ştab-kwartirasynyň Aşgabatda ýerleşmeginiň dünýäniň dürli döwletleri bilen bu ugurda ýola goýlan hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik berýändigini, şeýle hem dünýäniň dürli ýurtlarynyň wekilleriniň assosiasiýanyň agzalygyna kabul edilmeginiň atçylyk ulgamy boýunça halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine giň ýol açandygyny belledi.

Ýene degişli makalalar

Milli Liderimiziň Arkadag şäherine iş sapary
Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýanyň atçylyk firmasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Win Dizel Awataryň dowamynda surata düşüp 10 million dollar gazandy
Ibrahim Kalyn Jeýk Salliwan Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Uiwer Awataryň dowamynyň aňk etjekdigini gürrüň berdi
Awatar 2 filminiň treýleri çykdy