Uiwer Awataryň dowamynyň aňk etjekdigini gürrüň berdi

Uiwer Awataryň dowamynyň aňk etjekdigini gürrüň berdi

Awatar atly meşhur filmiň ikinji böleginde Jeýk Salliniň we Neýtiriň gyzynyň keşbini döreden aktrisa Sigurni Uiwer täze bölüm bilen bagly täsirlerini paýlaşdy. Ol filme diýseň sabyrsyz garaşýandygyny belledi diýip, ET neşirine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Haýran ediji gowy film. Täsin taryh. Ol örän duýguçyl we režissýor Jeýms Kemeronyň üstünligi... Üstesine ajaýyp aktýorlar hem surata düşdi diýip, aktrisa gürrüň berdi.

Awataryň birinji bölüminde Uiwer filmiň ahyrynda gurban bolýan doktor Greýs Ogustiniň keşbini döredipdi. Filmi dörediji topar onuň bilen hoşlaşmak islemedi we 72 ýaşly aktrisany 14 ýaşly ýetginjek gyzyň keşbine çagyrdylar.

Ýene degişli makalalar

Gladiator 24 ýyldan soň Kolizeýe dolandy
“Günäkärleriň” taryhy rekordy
Iň çalt ylgaýan tohum itler
Täze keşpler
Rahat ukynyň açary
Russiýaly pälwanlar 1-nji orny eýeledi