Rahat ukynyň açary

Gündelik iýmitiň oňat siňmegi hem-de syratly katdy-kamata eýe bolmak üçin agşam sagat 6-dan gijä galman agşamlygyňy edinmek maslahat berilýär. Ýöne köp lukmanlar öz iýmit sanawyňdan agşamky iýýän iýmitiňi aýyrmagy nädogry hasaplaýarlar.

Beýle ýagdaýyň aşgazan bilen bagly meselelere duçar etmegi we horlanmaga ýardam berip-bermejegi hem ikuçly diýlip hasaplanýar.Dietologlar beden üçin peýdaly agşamlygy neneňsi edinmelidigi barada gürrüň berdiler.Adamyň iň köp energiýa sarp edýän wagty sagat 9-dan 16 aralygy hasaplanýar. Şonuň üçin iň ýokumly iýmiti sagat 15 töwereginde iýmeli.

Agşamlyk üçin kömelek, ýagly et, kakadylan önümler, noýba maslahat berilmeýär.Beden ukudaka agyr naharlary gaýtadan işlemeli däl-de, eýsem, dynç almaly.Armyt, kiwi, alma we beýleki miweler oňat agşamlyk bolup biler.

Greýpfurt we awokado hem ýaglary oňat köýdürýär.Balyk we deňiz önümleri hem ýeňil hasaplanýar.Eger-de söýgüli önümleriňden daşlaşmak kyn düşýän bolsa, olaryň taýýarlanyş usulyny özgerdip bolar.

Gowurmagyň ýerine olary folgede gyzardyň ýa-da gaýnadyp taýýarlaň!Agşamlyk ýeňil, ýöne ýeterlik derejede ýokumly bolmalydyr.Ukudan öň bedene gowşamaga mümkinçilik döretmeli.Oňa magniý kömek edip biler. Şeýle mikroelement bolsa, gök önümlerde, kelemde, nohutda we däneli ösümliklerde bar.

Aminokislota triptofon bedeniň gowşamagyna we arkaýyn uka gitmäge ýardam berýär.Hurma, hindi towugynyň eti, banan we tunes balygy bu mikroelemente baýdyr.

Ajap Sadykowa,S.A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Owganystanyň Mazary-Şarif şäherinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi abatlaýyş işlerinden soň dabaraly ýagdaýda açyldy
Türkmen türgenleri jiu-jitsu boýunça Gresiýada geçirilen dünýä çempionatynda 18 medal gazandylar
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
В НЬЮ-ЙОРКЕ СОСТОЯЛАСЬ ЕЖЕГОДНАЯ ВСТРЕЧА МИНИСТРОВ ИНОСТРАННЫХ ДЕЛ РАЗВИВАЮЩИХСЯ СТРАН, НЕ ИМЕЮЩИХ ВЫХОДА К МОРЮ
Nýu-Ýorkda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
Nýu Ýorkda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň her ýylky duşuşygy geçirildi