Owganystanyň Mazary-Şarif şäherinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi abatlaýyş işlerinden soň dabaraly ýagdaýda açyldy

2026-njy ýylyň 31-nji martynda Owganystanyň Balh welaýatynyň Mazary-Şarif şäherinde türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi abatlaýyş işlerinden soň dabaraly ýagdaýda açyldy.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Dabaraly çärä türkmen diasporasynyň wekilleri hem-de Türkmenistanyň Owganystandaky Baş konsullygynyň işgärleri gatnaşdylar. Çäräniň geçirilmegi türkmen halkynyň baý medeni mirasyny gorap saklamak babatynda alnyp barylýan işleriň nobatdaky beýany boldy.

Bellenilişi ýaly, ýadygärligiň abatlaýyş işleri “Akýol” jemgyýetçilik we medeniýet guramasynyň başlygy Hajy Mohammad Haşim Wali Zadanyň başlangyjy esasynda, Owganystanda ýaşaýan türkmenleriň maliýe goldawy bilen amala aşyryldy.Açylyş dabarasyna Mazary-Şarif şäheriniň häkimi Abdul Rahman Hemmet, Owganystanyň DIM-niň Balh welaýatyndaky wekilhanasynyň başlygy Möwlewi Aminuallah Sadyk, şeýle hem din alymlary, mugallymlar, medeniýet işgärleri we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda çykyş edenler beýik söz ussadynyň baý edebi mirasynyň diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem dünýä medeniýeti üçin hem ähmiýetlidigini aýratyn nygtadylar. Şeýle hem çykyşlarda ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň möhüm orny bellenilip geçildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Ufada geçirilýän Bütindünýä folkloriadasynda iki dünýä rekordy goýuldy
Aşgabatda söwdany we hususy dükanlaryň işini ösdürmek bilen bagly teklipler boýunça ýaryşyň ýeňijileri mälim edildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Garyplygyň we açlygyň Türkiýede ýaýramagy
Talyban: ABŞ Owganystanyň bloke edilen emläklerini gysga wagtda azat etsin