Göreş boýunça Wengriýanyň paýtagty Budapeştde geçirilen 15-nji Dünýä çempionatynda russiýaly pälwanlar öňe saýlandy.Olar 10 altyn, 1 kümüş, 2 bürünç, jemi 13 medal gazandylar.Bu ruslaryň 1991-nji ýyldan bäri gazanan iň ýokary netijesi diýlip hasaba alyndy.
Russiýaly pälwanlardan erkin göreşde Zaur Uguýew, Magomedrasul Gazimagomedow, Zaurbek Sidakow, Abdulraşid Sadulaýew, grek-rimde Sergeý Ýemelin, Stepan Marýanýan, Artýom Surkow, Aleksandr Çehirkin, Musa Ýewloýew, Sergeý Semýonow dagy altyn medala mynasyp boldular.
Olardan Sadulaýew 3-nji, Gazimagomedow 2-nji gezek Dünýäniň çempiony diýen ady eýeledi. 5 altyn medal alan ýaponlaryň adyndan erkin göreşde erkeklerden Takuto Otoguro, zenanlardan Ýui Susaki, Haruno Okuno, Maýu Mukaida, Risako Kawai öz agram derejelerinde münberiň çür depesine çykdylar.
ABŞ-dan gelen göreşijiler bolsa 4 altyn medal bilen 3-nji ýere mynasyp boldular (3 kümüş, 5 bürünç).Erkin göreşde erkeklerden Kaýl Deýk, Dewid Teýlor, Jeýden Kos, zenanlardanam 4-nji gezek ýeňiji bolan Adelin Greý altyn medal gazanan amerikaly türgenlerdir. Ýokarda ady agzalan 3 ýurtdan başga-da, 10 döwletiň türgenleri 1 altyn medal gazandy. 1 pälwany altyn alan Türkiýe 4 kümüş, Hytaý 5 bürünç medal gazandy. Çempionat indiki ýyl Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçiriler.
