Täze keşpler

Ussat aktýor Bred Pittiň nobatdaky surata düşjek kinosy “Ad Astra” diýlip atlandyrylýar.Ylmy-fantastik görnüşdäki kinoda ol inženeriň keşbini janlandyrar.Jeýms Greýiň režissýorlyk etjek filminiň surata alnyş işleri iýulyň 17-sinde başlanar.

Ssenarisi Jeýms Greý we Itan Gross tarapyndan ýazylan kino 2018-nji ýylyň 2-nji ýarymynda prokata çykar.* * *Golliwudyň meşhur ýyldyzlaryndan, oskarly Natali Portman “Branco Belle” atly filmde surata düşer.

Zenan režissýor Anna Rouz Holmer tarapyndan ekranlaşdyryljak kinoda rodeoçy (öküziň üstüne münüp saklanmak sporty) aýal Reýlen Jekson barada gürrüň berler.Filmiň ssenarisini Kurram Longi ýazar.* * *Oskarly owadan aktrisa Alisia Wikander “Freakshift” atly uruşly-trillerde baş keşpde surata düşer.

Kinonyň surata alnyş işleri aktrisanyň “Tomb Raider” filminiň ekranlaşdyrylyşy tamamlananyndan soň başlanar. “Freakshift” kinosyny Ben Witleý surata düşürse, onuň ssenarisini ýazmaklyk Emi Jampa tabşyryldy.

Ýene degişli makalalar

Putin Grossi Bilen Duşuşdy
Hatibzadeh: Eýran, Saud Arabystanynyň gepleşikleri dowam etdirmek baradaky çynlakaý erkine garaşýar
Ykbalyny teatr sungatyna bagyşlan ynsan
Amerikaly Mişra taryhda iň ýaş grossmeýster boldy
Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň sözlerine we hasabatyna Eýranyň beren jogaby
Grossi Eýranyň IAEA-a 60% baýlaşdyrmagyny habar berendigini mälim etdi