Türkmen lukmanlary Mýunhen şäherinde iş saparynda bolarlar

Türkmen lukmanlary Mýunhen şäherinde iş saparynda bolarlar

Hökümetiň 16-njy noýabrda geçirilen mejlisinde wise-premýer S.Toýlyýew Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna garamagyna şu ýylyň 21—24-nji noýabry aralygynda türkmen hünärmenleriniň wekilçilikli toparyny Mýunhen şäherine, Maksimilian-Lýudwig adyndaky Mýunhen uniwersitetiniň Grosshadern klinikasyna iş sapary bilen ugratmak baradaky teklibi hödürledi.

Bellenilişi ýaly, saglygy goraýyş ulgamynda Ýwropanyň we dünýäniň, şol sanda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň iri lukmançylyk merkezleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.Türkmen lukmanlary GFR-iň iri klinikalarynda dürli ugurlar boýunça hünär derejelerini ýokarlandyrýarlar, ýurdumyza nemes hünärmenleri iş sapary bilen gelýärler. 2011 — 2021-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanda we Germaniýada 9 forum geçirildi, şolaryň gün tertibine saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm meseleleri girizildi.

Döwlet Baştutany hödürlenen teklibi makullap, wise-premýere mundan beýläk-de nemes hyzmatdaşlar bilen däp bolan gatnaşyklary ösdürmek boýunça işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Germaniýaly lukman Klaus Georg Dr.Parhofer Türkmenistanyň iki medalyna mynasyp boldy
Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY

Türkmen wekiliýet GFR-iň Mýunhen şäherinde iş saparynda bolar